Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda ýaşlaryň gatnaşmagynda iki günlük eko-syýahat çäresi geçirildi. Bu çäre “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Global ekologiýa gaznasynyň «Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Çäräniň esasy maksady ýaş nesliň ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan we olarda tebigata bolan jogapkärçilikli garaýşy kemala getirmekden ybarat boldy. Ýaş tebigatçylar goraghananyň çäklerinde diňe bir tanyşlyk gezelençlerini amala aşyrman, eýsem hünärmenleriň gatnaşmagynda kenarýaka tokaýlarynyň ekoulgamy, sebitdäki seýrek duş gelýän guşlar we haýwanat dünýäsi baradaky bilimlerini hem baýlaşdyrdylar.
Amaly işjeňlige gönükdirilen bu gezelençde tebigaty arassa saklamagyň we ekologik taýdan dogry iýmitlenmegiň häzirki zaman kadalaryna möhüm orun berildi.
«Bu eko-syýahat tebigat bilen içgin tanyşmaga we onuň ekoulgamyny gorap saklamagyň ähmiýetine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Biz goraghananyň täsin dünýäsini öwrenmek bilen, tebigaty goramagyň her birimiziň mukaddes borjumyzdygyna ýene bir ýola göz ýetirdik. Şeýle çäreler ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetiniň kemala gelmeginde möhüm orun tutýar» - diýip, “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň meýletinçisi Bahargül Kulyýewa gürrüň berdi.
Çäräniň ahyrynda oňa işjeň gatnaşanlara «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapynda Hormat hatlary gowşuryldy.
Guramaçylar bu eko-syýahatyň ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek we tebigy serişdelere aýawly çemeleşmegiň ähmiýetini amaly tejribede görkezmek babatda möhüm çäredigini belleýärler. Şeýle başlangyçlaryň ýaşlaryň ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky bilimlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak boýunça giň gerimli işleri alyp barmaga hem itergi berýär.
Bu eko-syýahat ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek we tebigy serişdelere aýawly çemeleşmegiň ähmiýetini amaly tejribede görkezmek babatda möhüm çäre boldy.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyndaky ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY.
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.