Habarlar

Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/12583/original-169e878826c154.jpeg

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda guralan eko-syýahatyň dowamy hökmünde, Aşgabatda ýaşlar üçin okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) we Global ekologiýa gaznasynyň (GEF) «Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäklerinde guraldy. “Bouygues Turkmen” kompaniýasynyň edarasynda geçirilen bu okuw maslahaty ýaşlaryň ekologiýa we howanyň üýtgemegi baradaky bilimlerini artdyrmagy maksat edindi. Bu barada “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň resmi saýtynda (https://tebigatchy.co.tm/tm/news/amyderyadan-asgabada-yas-tebigatcylar-ucin-okuw-maslahaty-gecirildi-nrzg) habar berilýär.

Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar "Climate Fresk" usulyýeti arkaly howanyň üýtgemeginiň sebäplerini we netijelerini giňişleýin öwrendiler. "Bouygues Turkmen" kompaniýasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu okuw her bir gatnaşyjynyň öz alan bilimini beýleki ýaşlara ýetirip bilýän tebigatçy bolup ýetişmegine mümkinçilik berýär.

Maslahatda ýurdumyzyň döwlet goraghanalaryna we biodürlüligiň goragyna aýratyn orun berildi. Amyderýa döwlet tebigy goraghanasyndaky tejribelere esaslanyp, iýmit zynjyryndaky her bir görnüşiň tebigat üçin ähmiýeti we bir görnüşiň ýitip gitmeginiň tutuş ekoulgama ýetirip biljek zyýany seljerildi. Şeýle hem, innowasion tehnologiýalary howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde netijeli ulanmagyň ýollary barada gyzykly çekişmeler boldy.

Lebapda başlap, paýtagtymyzda dowam eden bu çäre Bütindünýä Ýer gününe bagyşlanan ekologik başlangyçlaryň birine öwrüldi.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.