Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat halypa Ata Akbäbäýewiň hormatyna…
Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki iňlis dili we ynsanperwerçilik ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat mugallym Ata Akbäbäýewiň ömrüne, döredijiligine we pedagogik mirasyna bagyşlanan “Ata Akbäbäýew - halypa-şägirtlik mekdebiniň beýik ägirdi” atly ýatlama çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar halypa mugallymyň ömri, zähmet ýoly we döredijilik mirasyny şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdylar. Şeýle hem onuň manyly ömrüne bagyşlanan “Halypa ýadygärligi – ýüreklerde ýaşaýan hormat” atly wideorolik görkezildi.
Dabarada çykyş edenler Ata Akbäbäýewiň ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly yz galdyran ussat pedagogdygyny, onuň baý iş tejribesiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan öwrenilip, ýurdumyzyň mekdeplerine giňden ýaýradylandygyny bellediler. Şeýle hem onuň metbugatda çap edilen makalalarynyň, öňe süren usuly-teklipleriniň hem-de 1988-nji ýylda okuwçylary bilen türkmen teleýaýlymynda geçiren nusgalyk sapagynyň giň jemgyýetçilik gyzyklanmasyna eýe bolandygy nygtaldy.
Çykyşlarda Ata Akbäbäýewiň türkmen dilini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlaryna hem ýokary baha berildi. Onuň 1991-nji ýylda ilkinji gezek geçirilen “Ýylyň mugallymy” bäsleşiginiň ýeňijisi bolandygy, “Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri” diýen hormatly ada, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyna eýe bolandygy barada aýratyn nygtaldy. Şeýle hem halypanyň orta mekdepler üçin türkmen dilinden okuw kitaplarynyň, “Türkmen dilinden usuly gollanma”, “Mährem mugallym”, “Mukaddes ojak” ýaly usuly kitaplaryň hem-de barlagnamalaryň awtorydygy bellenildi.
Çäräniň dowamynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Atageldi Annaseýidow, Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň müdiri Muhammetguly Bekiýew, halypa mugallymyň egindeşi Muhammetberdi Annageldiýew, kärdeşleri Durdymyrat Şamyradow we Nurmuhammet Kadyrow, şeýle hem Hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň müdiri Akmyrat Kiçikulyýew, okuwçysy we şägirdi Gylyçmuhammet Joraýew, ogly Kemine Akbäbäýew hem-de agtygy Nurmuhammet Allanow dagylar çykyş etdiler.
Mary şäherindäki iňlis dili we ynsanperwerçilik ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň müdiri Muhammetguly Bekiýew öz çykyşynda Ata Akbäbäýewiň halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirýän şägirtler neslini kemala getirendigini aýtdy. Şeýle hem ol ussat mugallymyň maşgala agzalarynyň, şol sanda agtyklarynyň hem mugallymçylyk ýoluny dowam etdirýändiklerini buýsanç bilen belledi.
Çärede çykyş eden halypa mugallymyň ogly Kemine Akbäbäýew we agtygy Nurmuhammet Allanow, ähli ömrüni çagalara we mekdebe bagyşlan kakalarynyň we atalarynyň hatyrasyna görkezilen belent hormat üçin döwletimize hem-de çäräni ýokary derejede guran Mary welaýat Baş bilim müdirligine özleriniň çuňňur minnetdarlygyny bildirdiler.
Çäräniň dowamynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri hem aýdyldy.
Ýatlama çäresi ýokary ruhubelentlikde geçirildi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.