Habarlar

«Balam» konditer kärhanasy milli brendi ösdürýär

https://ussatnews.com/storage/posts/12824/original-16a14224834a02.jpeg

Jennet HYDYROWA,

«Balam» konditer önümleri kärhanasynyň hünärmeni:

— Ak mermerli paýtagtymyz — Aşgabat şäheriniň güni, şeýle hem «Ak şäherim Aşgabat» XXV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň işe başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Hormatly Prezidentimiziň pähimli syýasaty netijesinde paýtagtymyz dünýäniň iň owadan, durnukly we «akylly» şäherleriniň birine öwrülýär. Bu gözel şäherimiziň ösüşlerinde ýurdumyzyň hususy böleginiň — telekeçileriniň hem mynasyp goşandynyň bolmagy biziň üçin uly buýsançdyr.

«Balam» konditer önümleri kärhanasy eýýäm birnäçe ýyldan bäri halkymyza ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we tagamly süýjülikleri hödürläp, milli brendi ösdürip gelýär. Biziň şu günki sergä gatnaşmagymyzyň esasy maksady diňe bir öz önümlerimizi tanyşdyrmak däl, eýsem şäher medeniýeti, döwrebap önümçilik we ekologiýa standartlary baradaky çemeleşmelerimizi paýlaşmakdan ybaratdyr.

Biz öz önümçiligimizde döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanýarys. Bu bolsa öndürilýän onümlerimiziň hiliniň hemişe ýokary bolmagyny we arassaçylyk kadalaryna doly laýyk gelmegini üpjün edýär. Şu günki günde logistika ulgamymyzyň esasy wezipeleriniň biri hem Aşgabadyň dükanlaryny, bazarlaryny, şeýle-de her bir maşgalany her gün ter we ýokary hilli onümler bilen üpjün etmekdir. Paýtagtymyzyň gurluşyk we infrastruktura ulgamynyň ösmegi biziň söwda hem-de eltip bermek hyzmatlarymyzyň sanlylaşmagyna uly badalga berdi.

Bu halkara platforma täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak we «Balam» brendini diňe bir içerki bazarda däl, eýsem halkara derejede hem öňe sürmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Biz mundan beýläk-de hususy bölegiň wekilleri hökmünde ak mermerli paýtagtymyzyň we mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge öz goşandymyzy goşmagy esasy ugurlarymyzyň biri hasaplaýarys.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.