Habarlar

Ak şäherimiz Aşgabadyň myhmansöýerlik tagamy

https://ussatnews.com/storage/posts/12825/original-16a153f34b4620.jpeg

Maýa GARRYÝEWA,

Premium La Casa» restoranynyň kiçi aşpezi:

— Ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligini we ykdysady kuwwatyny aýdyň görkezýän «Ak şäherim Aşgabat» XXV köpugurly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmak biziň üçin uly mertebe boldy.

Biziň üçin aşpezlik sungaty diňe bir hünär däl, eýsem hakyky sungat we durmuşymyzyň möhüm bölegidir. Taýýarlaýan her bir tagamymyzyň Aşgabadyň gözelligine mynasyp bolmagyna, myhmanlary begendirmegine we olarda ýakymly täsirleri galdyrmagyna üns berýäris. Aşgabat innowasiýalaryň, arassalygyň we döwrebaplygyň şäheridir. Şol bir wagtyň özünde ol milli aşhanamyzyň we iň gowy däp-dessurlarymyzyň halkara derejä çykýan meýdançasyna öwrülýär.

«Premium La Casa» restoranynyň agzybir agzalary paýtagtymyzyň baýramyna aýratyn sowgat — dünýä we türkmen aşhanasynyň iň gowy däplerini özünde jemleýän dürli-dürli tagamlary taýýarlady. Biz sergide diňe bir naýbaşy tagamlarydyr süýjülikleri däl, eýsem ak şäherimiziň estetikasyny we sazlaşygyny görkezýän ajaýyp gurşawy hem hödürledik.

Biz önümleriň hiline aýratyn üns berip, ekologiýa taýdan arassa ýerli önümlere has köp artykmaçlyk berýäris. Aşgabadyň meşhur bolan döwrebap ekologiýa standartlary we sagdyn durmuş ýörelgeleri biziň aşhanamyzyň hem esasyny düzýär. Şeýle halkara derejeli çärä gatnaşmak uly tejribe we jogapkärçilikdir. Biz geljekde hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ýokary derejeli hyzmatlarymyz hem-de türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däpleri bilen begendirmegi dowam ederis.

«Premium La Casa» restoranynyň ajaýyp tagamlar dünýäsini açmaga çagyrýarys. Goý, gözel Aşgabat şäherimiz we Watanymyz elmydama güllesin! Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.