Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady

https://ussatnews.com/storage/posts/12827/original-16a168f70b3c8c.jpeg

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi dünýä halklaryny parahatçylygyň we ynsanperwerligiň belent maksatlarynyň daşynda birleşdirýän Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu nurana baýrama bagyşlanyp geçiriljek dabaralaryň bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzda mähriban halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has-da belende göterjekdigine berk ynanýaryn.

Ynsanyýetiň ählumumy medeni mirasynyň gymmatly bölegine öwrülen Gurban baýramy türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsiniň, köpasyrlyk däp-dessurlarynyň we ynanç-ygtykatlarynyň belent dabaralanmasydyr. Ynsanperwerlik, dostluk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini rowaçlandyrýan bu mukaddes baýram halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýär hem-de jemgyýetimizde agzybirligi, özara hormat-sylagy, ruhy bitewüligi has-da pugtalandyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Gurban baýramy ajaýyp däp-dessurlarymyza, milli adatlarymyza laýyklykda, üç günüň dowamynda giňden bellenilýär.

Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk günlerinde baý mazmunly, köpöwüşginli aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär. Gurbanlyk sadakalary berlip, her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylýar, baýramçylyk tagamlary hödürlenilýär. Il-ýurduň asudalygy, Watanymyzyň abadançylygy, rowaçlygy üçin ýagşy doga-dilegler edilýär. Çuň mazmunly, baý öwüşginli dabaralar agzybirligimizi, jebisligimizi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň binýadyny has-da pugtalandyrýar, kalbymyzda egsilmez watansöýüjilik, ynsanperwerlik duýgularyny oýarýar, nurana geljegimize bolan mizemez ynamy berkidýär.

Jemgyýetimizi ynsanperwerlik ruhunda ösdürmek ugrundaky maksadymyzdan ugur alyp, watandaşlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şu nurana günlerde watandaşlarymyzyň uly toparynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň mukaddes şäherleri bolan Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý etmekleri biziň dowamat-dowam bolup gelýän ýokary ynsanperwer gymmatlyklara goýýan belent sarpamyzyň aýdyň dabaralanmasydyr.

Eziz watandaşlar!

Dünýä medeniýetiniň ösüşinde öçmejek yz galdyran merdana ata-babalarymyzyň maddy we ruhy mirasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň döwrebap ösüşiniň, sazlaşygynyň esasyny düzýär. Şöhratly taryhymyzyň dowamynda kämilleşdirilip gelinýän milli döwletlilik ýörelgelerimize daýanyp, jemgyýetimizi ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri esasynda jebisleşdirýäris. Beden we ruhy tämizlige, ahlak arassalygyna aýratyn ähmiýet beren pederlerimiziň asylly ýörelgelerini, dini we dünýewi ygtykatlarymyzy baýlaşdyrmak hem-de dünýä ýaýmak arkaly milli mertebämizi beýgeldýäris.

Agzybirligimiz, jebisligimiz, tutanýerli zähmetimiz bilen ösüşleriň täze sepgitlerine ýetip, Garaşsyz Watanymyzy has-da şöhratlandyrýarys. Giň gerimli özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyryp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, bilim hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň, häzirki zaman durmuş maksatly binalarynyň, iri kärhanalaryň gurluşygyny güýçli depginlerde alyp barýarys. Bu işleriň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň durnukly ösüşini, halkymyzyň asuda, abadan we bolelin durmuşyny üpjün edýär.

Biz halkara giňişlikde parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürmek bilen, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürýäris. Milli we ählumumy bähbitleri utgaşdyryp, dost-doganlyk köprülerini gurýarys. Watanymyzyň dünýädäki ornuny berkitmek hem-de parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmak, medeniýetleri we halklary ynsanperwer ýörelgeler esasynda birleşdirip, milli mirasymyzy dünýä ýaýmak biziň baş maksadymyzdyr.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi ruhy tämizligiň we ynsanperwerligiň baýramy bolan mukaddes Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Mübärek Gurban baýramy günlerinde berjek gurbanlyk sadakalaryňyz, merdana halkymyzyň agzybirligi, abadançylygy, Garaşsyz Watanymyzyň berkararlygy hem-de rowaçlygy üçin etjek doga-dilegleriňiz, ýagşy umyt-arzuwlaryňyz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Başga habarlar
16aec25f474747.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyndaky ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY.


16aeb29d2189d4.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.


16ae9b3c005644.jpeg
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar

Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.

16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.