Guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek usullary kämilleşdirilýär
Uzak wagtlap özleşdirilip gelinýän känlerde esasan-da, Goturdepe we Barsagelmez nebitgaz känlerinde gatlak basyşynyň peselmegi, ulanylýan guýulara gatlak suwlarynyň gelmegi netijesinde, onuň önüminiň wagtyndan öň suwlanmagy, guýynyň düýbünde çäge dykylarynyň emele gelmegi, gatlaklary özleşdirmegiň soňky tapgyrynda olardan düzüminde parafin köp bolan agyr nebitleriň akyp gelmegi ýaly kanunalaýyk hadysalar bilen baglydyr.
«Nebitgazylmytaslama» institutynyň guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek laboratoriýasynda ýerine ýetirilen ylmy-barlag işlerinde guýularyň önüm berijiligini artdyrmak ugrunda geçirilen işler boýunça senagat maglumatlary ýygnaldy we olaryň netijeliligi seljerildi hem-de guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek usullary kämilleşdirildi.
Nebitli guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek üçin ýurdumyzda bar bolan ýerli himiki serişdelerden peýdalanmagyň tehnologiýasyny tapmagyň ýollaryny gözlemeklige üns berlip, laboratoriýa şertlerinde synag-barlag işleri geçirildi hem-de önümçilikde ulanmak mümkinçilikleri we ähmiýetliligi öwrenildi.
Özleşdirmegiň ahyrky döwründe işleýän nebitgaz känlerinde ýatagyň gatlak basyşynyň pese düşmegi, guýularyň önüminiň suwlulanmagy, guýuda asfalten-smola we parafin çökündileriniň emele gelmegi we guýynyň düýpýaka zolagynda çäge dykylarynyň ýygnanmagy ýaly kynçylyklar döreýär. Şeýle kynçylyklar dörände guýularyň önüm berijiligi ep-esli peselýär, käbir ýagdaýda bolsa, olar önüm bermeklerini togtadýar.
Bu meseleleriň nebitgazly ýataklaryň köpüsinde duş gelýänligi, nebiti çykarmakda kynçylyk döredýänligi sebäpli, önümli gatlaga täsir etmegiň birnäçe usullarynyň we düzümleriniň synag edilmegine we işlenip alynmagyna getirdi. Ol usullary we düzümleri ulanmagyň esasy talaplarynyň biri nebit alynýan gatlaklaryň geologiki düzüm aýratynlygy bilen bagly bolsa, beýleki talaplaryň biri hem ulanyljak usulyň we material serişdeleriniň elýeterli, arzan bolmagydyr.
Guýularda gatlak suwlaryny çäklendirmekde bentonit toýnundan, gidrofobizirleýji goşundydan we uglewodorod suwuklygyndan ybarat düzümde, gidrofobizirleýji goşundy hökmünde polimer önümçiliginiň goşmaça önümi bolan piroliz ýagy ulanyldy.
Bentonit toýny — Türkmenistandaky Oglanly ýatagynyň ownuk owradylan toýny. Uglewodorod suwuklygy hökmünde benzin, gaz kondensaty, dizel ýangyjy we şuňa meňzeşler ulanylyp bilner. Piroliz ýagy — polimer önümçiliginde alynýan goşmaça önüm (Gyýanlydaky polimer zawody).
Düzümi taýýarlamak ýönekeýdir, ol uglewodorod ergininde piroliz ýagyny we bentonit ürgünini garmakdan ybaratdyr. Hödürlenýän düzümiň çäklendiriji ukybyny barlamak üçin laboratoriýa barlag-synag işleri geçirildi.
Gidrofobizirlenen bentonit suspenziýasyny peýdalanmak bilen, geçirilen synag işleriniň esasynda alnan netijelere görä, suw çäklenmesiniň has ýokary netijeliligi, nebitiň akymynyň kanagatlanarly bahasy, uglewodorod suwuklygynda bentonit toýnunyň we piroliz ýagynyň mukdarynyň belli bir gatnaşykda bolmagynda üpjün edilýändigini görkezdi.
Laboratoriýanyň hünärmenleri tarapyndan guýularda gatlak suwlaryny çäklendirmek boýunça gidrofobizirlenen bentonit suspenziýasy esasynda işlenip alnan bu täze düzüme çäklendirilen patent almak üçin intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyna haýyşnama berildi. Geçen ýylyň dekabr aýynda ýerine ýetirilen ylmy hasabat işi ylmy esasda goralyp, nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça kämilleşdirilen tehnologiýalary önümçilikde ulanmak üçin teklipler hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyndaky ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY.
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar
Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.