Habarlar

Robot tehnikasy: Maryda ýaş zehinleriň bäsleşigi jemlendi

https://ussatnews.com/storage/posts/12864/original-16a1fc7463ea52.jpeg

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde gurnamagynda “Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy” boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden innowasion tehnologiýalara gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň 140-a golaýy gatnaşdy.

Bäş ugur boýunça geçirilen ýaryşyň netijelerine laýyklykda, “Päsgelçilikli tizlikli ýaryş” görnüşi boýunça Mary welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gülälek Gurbannazarowa birinji orna mynasyp boldy. “Robot biatlon” ugrunda Aşgabat şäherindäki “Imdatbot” okuw merkeziniň diňleýjisi Emir Kulyýew, “Robot bouling” görnüşinde bolsa Aşgabat şäherindäki “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Abduljelil Patyşagulyýew iň ýokary netijeleri görkezip, birinji orunlary eýelediler. Şeýle hem “Robot reýs” bäsleşiginde A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki umumybilim berýän mekdebiniň okuwçysy Alyhan Akgaýew ýeňiji bolmagy başardy. Ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykaran “Täsin robot” görnüşi boýunça gatnaşyjylaryň 10-sy ýörite sylaglara mynasyp boldular.

«Şeýle bäsleşikler ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga uly ýardam edýär. Çünki bu ýerdäki iň ýönekeý iş hem mehanikany, fizikany, elektrotehnikany, matematikany we informatikany bilmegi talap edýär. Ýaşlarymyzyň innowasion taslamalary bolsa olaryň bu ugurlary amalyýetde utgaşdyryp bilýändiklerini görkezýär» - diýip, eminler toparynyň agzasy Söhbetmyrat Bäşow nygtady.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Dabara Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ruhubelent çykyşlary bilen utgaşdy. Oňa gatnaşanlar okamaga, döwrebap bilim almaga döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.