«Nebit-Gaz» gazetiniň redaksiýasynda «Yonhap» agentliginiň habarçysy bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 16 — 17-nji sentýabrynda Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň öňüsyrasynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda maglumat-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy işjeňleşýär. Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy habarlar agentligi bolan «Yonhap» agentliginiň habarçysy Son Do Hýonyň Türkmenistana sapary bu ugurdaky möhüm wakalaryň biri boldy. Žurnalist türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ösüşi hem-de mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň geljegi barada materiallary taýýarlamak maksady bilen ýurdumyza geldi.
Saparyň çäklerinde «Nebit-Gaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň baş redaktory Ussa Ussaýew «Yonhap» agentligine interwýu berdi. Ol söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň berdi.
Interwýudan soň Son Do Hýon redaksiýanyň döredijilik topary bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň nebitgaz pudagynda köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläkki ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda dünýäniň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi hyzmatdaşlygyň iň üstünlikli mysallarynyň biri hökmünde bellenildi. Koreýa Respublikasynyň «Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýasy taslamanyň birinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine, şol sanda tebigy gazy kükürtden arassalaýan desganyň gurluşygyna işjeň gatnaşdy.
Günorta Koreýanyň kompaniýalary Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem uly goşant goşdy. «LG International Corporation» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda nebiti gaýtadan işlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologik desgalar ulanmaga berildi.
Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir üstünlikli mysaly hökmünde Gyýanly şäherçesinde gazhimiýa toplumynyň gurulmagy görkezildi. Bu ýerde häzirki zaman ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalar esasynda polietilen we polipropilen önümçiligi ýola goýuldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Koreýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (KOICA) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Mary şäherindäki nebitgaz orta hünär okuw mekdebi üçin döwrebap okuw binasy guruldy. Bu ýerde okuw otaglarynyň we barlaghanalaryň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi isleg bildirilýän inžener-tehniki ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilik döredýär.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň senagat, energetika, bilim, innowasiýalar we ekologiýa taslamalary ýaly ugurlary öz içine alyp, yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şeýle hem Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de täze özara bähbitli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin möhüm meýdança boljakdygy nygtaldy.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyndaky ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY.
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.