Habarlar

«Kenardaky» zähmet galkynyşy

https://ussatnews.com/storage/posts/13330/original-16a72d5d3b7578.jpeg

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylmagynda we milli ykdysadyýetimizde belent ösüşleriň gazanylmagynda nebiti gaýtadan işleýän senagata möhüm orun degişlidir. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy öz önümleri bilen barha meşhurlyga eýe bolýar. Bu ýerde öndürilýän ýokary hilli nebit we nebithimiýa önümlerine dünýäde uly isleg bildirilýär. Häzirki zaman dünýäsiniň iň bir kuwwatly desgalarydyr kämil tilsimatlaryna eýe bolan bu döwrebap kärhanada «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän önümler taýýarlanylyp, olary içerki we daşarky bazarlara çykarmakda guwandyryjy sepgitler gazanylýar.

Gazanylýan üstünliklere nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň hünärmenleriniň goşýan goşandy hem guwandyryjydyr. Zähmet galkynyşyna beslenýän kärhana boýunça şu ýylyň başyndan bäri 1 million 890 müň 688 tonna nebit önümleri içerki we daşarky sarp edijilere ugradylyp, ýokary netijeler gazanyldy. Bu döwürde «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň üsti bilen daşarky bazarlara ugradylan nebit önümleriniň möçberi bolsa 372 müň tonnadan geçdi. Nebiti gaýtadan işleýan zawodlar toplumyndan gelip gowuşýan taýýar nebit önümleri bolan awiasiýa kerosininiň, benziniň, dizel we kerosin ýangyçlarynyň, dürli ýaglaryň ýitgisiz satuwa ugradylmagy üçin toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda döwrebap mümkinçilikler döredilipdir.

Soňky ýyllarda kärhananyň binýadynda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän hem-de häzirki zaman hil ülňülerine doly laýyk gelýän dury nebit önümlerini guýmak we dökmek üçin awtomatlaşdyrylan demir ýol estakadasynyň hem-de nebit we nebit önümleri guýulýan, kabul edilýän täze 3-nji gämi duralgasynyň gurlup işe girizilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Demir ýol estakadasynyň ýyllyk kuwwaty 3 million 850 müň tonna dury nebit önümlerini sarp edijilere öz wagtynda bökdençsiz ýükläp ugratmaga barabardyr. Awtomatlaşdyrylan desgada nebit önümleri demir ýol çeleklerine görnüşleri boýunça bellenilen mukdarda guýulýar we olaryň her biriniň agramy elektron terezi arkaly ölçenilip, degişli resminamalar sarp edijileriň salgylary hem-de ugurlary boýunça awtomatlaşdyrylan usulda resmileşdirilýär. Bu toplumlaýyn desganyň düzümine girýän çeleklere önüm guýlanda emele gelýän buglary tutup ýygnamagyň hasabyna her ýylda 300 tonnadan gowrak benziniň ýitgisiniň, şonuň bilen birlikde-de, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňi alynýar. Desganyň çäginde jemi 150 adama niýetlenilip gurlan dolandyryş-durmuş hajatly binada bolsa iş otaglary, ussahana, naharhana, mejlisler zaly we beýleki amatlyklar döredilipdir.

Özbaşdak nasos, transformator stansiýalarydyr dizel generatory bolsa önümiň çeleklere bökdençsiz guýulmagyny üpjün edýär. Awiasiýa kerosininiň turba geçirijisinde «TS — 1» kysymly kämil arassalaýjynyň oturdylmagy bolsa howa gämileriniň uçuş wagtynda howpsuzlygyny ýokarlandyrýar.

Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasy bilen zawodlar toplumynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda gurlan nebit we nebit önümleri guýulýan hem-de kabul edilýän 3-nji gämi duralgasynyň ýyllyk kuwwaty bolsa nebit önümlerini ýüklemek boýunça 2 million 60 müň tonna, çig nebiti we nebit önümlerini düşürmek boýunça bolsa 1 million

150 müň tonna deňdir. Desgada ýangyn howpsuzlyk we daşky gurşawy goramagyň düzgünleri kämil enjamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň dünýä belli kompaniýalarynyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen desgada ähli işler awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar.

— «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanamyzdaky bu kuwwatly desgalar Türkmenbaşydaky şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen, öndürilýän nebit önümleriniň möçberlerini düýpli artdyrmaga we olaryň hil görkezijilerini dünýä hil ülňülerine laýyk derejä çykarmaga giň mümkinçilikleri berýär.

Kärhanada işlerimiziň sazlaşykly alnyp barylmagynda nebit önümlerini kabul etmek, saklamak, guýmak we ugratmak uçastogynyň ýolbaşçysy Maksat Täjow, estakada hojalygy bölüminiň ýolbaşçysy Maral Paýyzowa, esasy hünärmen Aýna Muhajyýewa, nebit önümlerini ýükläp ugratmak bölüminiň başlygynyň orunbasary Sapargül Durdyýewa, inžener-dispetçerler Döwran Abdyllaýew, Perman Gurbanow, estakada hojalygynyň operatory Gülnara Çertanowa dagy saldamly goşant goşýarlar — diýip, nebit önümlerini ýükläp ugratmak bölüminiň başlygy Annamyrat Orazow bu ýerde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

Başga habarlar
16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.


16adf6b104a78d.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.

16adf6771e1c13.jpeg
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.


16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.