Döwrebap işler bitirilýär
Ýurdumyzyň günbatar sebitindäki hazynaly ýataklardan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagy «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleriniň irginsiz we netijeli zähmetinden aýrybaşga göz öňüne getirmek kyndyr. Baýlyklar känlerinde gazylan hem-de burawlaýyş işleri dowam edýän guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny anyk öwrenmek, takyklanan öndümli çuňluklarda zerur bolan halatynda partlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly möhüm işler hut şu kärhanada ýerine ýetirilýär. Bu derwaýys işlerde müdirligiň Balkanabatdaky barlaghanalary, şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawy esasynda daşary ýurtlardan satyn alnyp, iň bir kämil awtoulaglarda ýerleşdirilen tilsimatlar göwnejaý peýdalanylýar. Aslynda hem, «Türkmennebitgeofizika» müdirligi ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň häzirki zaman enjamlarydyr tehnologiýalary bilen ýeterlik derejede üpjün edilen kärhanadyr. Hut şonuň üçin hem müdirligiň dürli işlere ugrukdyrylan ekspedisiýalarynda we ýörite gulluklarynda bitirilýän işler özüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.
Alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikleri bolan kärhanada şu ýylyň geçen hasabat döwründe hem göreldeli netijelere eýe bolundy. Has takygy, gürrüňi edilýän döwürde kärhananyň önümçilik düzümleri boýunça jemi 63 million manatlyga golaý işler özleşdirilip, bellenilen meýilnama 130 göterimden gowrak amal edildi. Bu görkeziji meýilnama garanyňda, 15 million manatlyga golaý köpdür. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatly barýan geofizikler şu günler iş depginlerini has-da ýokarlandyrýarlar.
Dragon Oil – OGT 2026-nyň göwher hyzmatdaşy
«Dragon Oil» kompaniýasy 21-23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatynyň göwher hyzmatdaşy bolar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.
Türkmenistanly mugallym Ýaponiýada wodorod energetikasy boýunça ylmy-barlaglary geçirer
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy Baýram Welhanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim alýar we wodorod energetikasy ugrunda ylmy-barlaglary alyp barýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy
3-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis
23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.