Habarlar

Umumymilli foruma taýýarlygyň çäklerinde maslahat geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/13406/original-16a8487f6d3e1b.jpeg

Watanymyzyň ösüş ýolunda täze belentliklere tarap ynamly gadam urýan döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Golaýda taryhy mejlise taýýarlyk işleriniň çäklerinde TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesi, TDP-niň Balkan welaýat komiteti hem-de TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýörite maslahat geçirildi.

Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňümizdäki mejlisini ýokary guramaçylyk derejede garşylamak, onuň ähmiýetini ilat arasynda giňden wagyz etmek we öňde goýlan wajyp wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda edilen çykyşlarda Halk Maslahatynyň halkymyzyň demokratik ýörelgeleriniň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna gönüden-göni gatnaşmagynyň aýdyň nyşanydygy, şoňa görä-de, her bir jemgyýetçilik guramasynyň bu möhüm syýasy waka ýokary taýýarlyk görmelidigi nygtaldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmelerini goldap, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.