Döwrüň ruhuna mynasyp seslenýän neşir
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýä derejesindäki ýokary ösüşlerini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylyşyny, Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny, baky Bitaraplygymyzy, ykdysadyýetdäki nusga alarlyk netijeleri, bu babatda durmuşa geçirilen we alnyp barylýan iri taslamalary, ekologiýa meselelerini, halkara we döwlet derejesindäki forumlary, işewürlik duşuşyklaryny we beýleki dürli ugurlaryň möhüm materiallaryny, täzeliklerini hem habarlaryny dessin beýan edip köpçülige ýetirmekde milli habar beriş serişdeleriniň ähmiýeti bimöçber uludyr. Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerimde ösdürildi hem kämilleşdirildi, kagyz we elektron görnüşde täze gazet-žurnallar döredildi. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Nebit-gaz» gazeti hem şeýle neşirleriň biridir. «Nebit-gaz» gazetiniň ilkinji sany 2011-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda çap edildi. «Nebit-gaz» gazeti geçen döwrüň içinde okyjylaryň söýgüsini gazanyp, ýurdumyzyň kagyz we elektron görnüşdäki meşhur neşirleriň birine öwrüldi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, «Nebit-gaz» gazetiniň elektron görnüşine möhüm ähmiýet berilmegi neşiri täze ösüş basgançagyna çykardy. Sanly çözgütler gazeti okyjylar üçin has-da ýakynlaşdyrdy. Gazet indi diňe bir ýurduň çäginde däl, eýsem, dünýäniň islendik künjegindäki okyjylara, şol sanda halkara energetika bilermenlerine (smartfonda) elýeterli boldy. Netijede, gazet diňe bir çap edilýän görnüşde däl, eýsem, onlaýn saýty arkaly halkara energetika bilermenleriniň hem ygtybarly maglumat çeşmesine öwrüldi. Saýtda onlaýn tertipde çap görnüşine garaşmazdan, energetika dünýäsindäki iň soňky täzelikler, strategik şertnamalar we möhüm tender bildirişleri örän dessin paýlaşylýar. Sanly neşir ýurduň «ýaşyl» ykdysadyýet we kagyz tygşytlamak ýörelgelerine doly gabat gelýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň howandarlygyndaky «Nebit-gaz» gazeti ykdysady neşir bolup, ýangyç-energetika toplumynyň metbugat aýnasydyr. Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynyň durmuşyndan söhbet açýan, pudagyň zähmet durmuşyny halkymyza gyzgyny bilen ýetirýän «Nebit-gaz» gazetiniň döredilenine şu ýyl 15 ýyl dolýar. Bu neşir geçen ýyllaryň dowamynda nebit-gaz we geologiýa pudagynyň hakyky ýylýazgysyna öwrüldi. Gazet ilkinji sanyndan başlap, ýurduň strategik pudagynyň aýdyňlygyny üpjün edip gelýär. Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan, döwrümiziň beýik gurluşygy, asyryň taslamasy adyny alan we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen gurlan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň ähmiýeti, onuň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny düýpli we ynamly pugtalandyranlygy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hemişe gözegçilikde saklaýan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, dünýäniň iň uly gury ýerdäki gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişi, dürli sebitlerimizde, şol sanda Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynda özleşdirilýän nebitgaz ýataklary, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçiligi we bu zawodlaryň täze desgalar bilen döwrebaplaşdyrylyşy, Gündogar — Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň amala aşyrylyşy, Lebap welaýatynyň çäginde ýangyç-energetika senagatynyň ulanylmaga berlen desgalary, Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň çäklerinde onuň 4-nji tapgyryna badalga berilmegi ýaly taryhy wakalaryň ählisi utgaşyklylykda «Nebit-gaz» gazetiniň sahypalarynda öz beýanyny tapdy.
«Nebit-gaz» gazetiniň iň uly tapawutlylygy we gymmaty nebit, gaz, geologiýa işleri, toplumyň önümçiligi we şol önümçiliklerde işleýän zähmet gahrymanlarydyr. Gazet sähranyň yssysyna we aňzagyna garamazdan, täze ýataklary agtarýan, açýan, buraw işlerini alyp barýan, baýlyk känlerini özleşdirip ulanmaga tabşyrýan geologlaryň, gazçylaryň we nebitçileriň dynuwsyz zähmet üstünligini uly buýsanç bilen açyp görkezýär. Şeýle makalalar, fotoreportažlar, nebitgaz işi bilen bagly hoş habarlar ýaş nesilde çylşyrymly hünärlere eýe bolan pudagyň işgärlerine söýgini we hormaty oýarýar. Şonuň üçin hem bu neşir diňe hünärmenlere we talyplara däl, eýsem, bütin halk köpçüligi üçin uly durmuş mekdebine öwrüldi. Şu günki gün gazet diňe bir önümçilik makalalaryny, habarlaryny däl, eýsem, häzirki döwürde dünýä ösüşinde ähmiýeti artýan we möhüm mesele hökmünde gozgalýan «ýaşyl» energiýa, ekologiýa arassalygy, metan zyňyndylaryny azaltmak we wodorod energetikasy ýaly innowasion ugurlary hem giňden wagyz edýär.
Okyjyny özüne çekmek, döredijilige ugrukdyrmak, dürli temalarda pikirleri paýlaşmak, döwrüň ruhuna laýyk materiallary çap etmek habar beriş serişdesiniň esasy wezipesidir. Munuň özi jemgyýetde ruhubelentlik, ynsanperwerlik we agzybirlik ýaly gymmatlyklaryň wagyz edilmegine getirýär, okyjynyň söz baýlygyny artdyryp, analitiki we döredijilikli pikirlenmesini ösdürýär, ene diline, Watana, milli däp-dessurlara bolan buýsanjy hem-de söýgini berkidýär. Döredijilik, medeniýet, sungat bilen bagly gyzykly makalalar, söhbetdeşlikler we hekaýalar, goşgular adamlara pähim-paýhas hem-de ruhy lezzet berýär.
Habar beriş serişdesinde okyjylaryň artdyrmakda, höweslendirmekde, döredijilik işine çekmekde, olaryň döwür bilen deň gadam urmagyny gazanmakda guramaçylykly geçirilýän bäsleşikleriň juda ähmiýetli bolup durýandygyny bellemek gerek. Gazetimizde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine hödürlenýän materiallar hem yzygider çap edilýär. Şeýle-de geçen ýyllaryň dowamynda «Nebit-gaz» gazetinde nebitgaz toplumynyň işgärleriniň arasynda yzygider yglan edilen dürli bäsleşiklere döredijilik bilen meşgullanýan ylmy işgärleriň, nebitçileriň, gazçylaryň, geologlaryň, başga-da dürli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenleriň köpüsi gatnaşdy. Bu bäsleşiklerde ýeňiş gazanan ýeňijiler iki ýüzden hem köpdür. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başlaryna şeýle bäsleşikleriň ikisi yglan edildi we olar boýunça materiallaryň çap edilmegi häzirki wagtda dowam edýär.
«Nebit-gaz» gazeti ykdysady neşir bolsa hem özüniň köpöwüşginliligi, ýagny tematikasynyň baýdygy bilen tapawutlanýar. Bu neşirde himiýa, elektrik energetikasy, sanly ulgam, «ýaşyl» ykdysadyýet, düýpli gurluşyk, medeniýet, sungat we beýleki ulgamlara degişli ululy-kiçili makalalar, söhbetdeşlikler, habarlar berilýär.
Geljekde hem halkymyzyň söýgüsini gazanan bu neşirde nebitgaz, nebit we gazhimiýa senagatyna, geologiýa pudagyna we beýleki ulgamlara degişli beýik döwrümiziň talabyny ödeýän döredijilik işleri okyjylar köpçüligine ýetiriler.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.