Habarlar

Zähmeti goramaklyga möhüm ähmiýet berilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/13486/original-16a93fc64c95c9.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünlerini kämilleşdirmek bilen bagly «tegelek stolda» söhbetdeşlik geçirildi.

Degişli toplumyň önümçilik düzümleriniň inženerleri, tehniki howpsuzlyk, zähmeti goramak boýunça hünärmenleri bilen geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň önümçiliklerinde, edara-kärhanalarynda, meýdan şertlerindäki önümçilik desgalarynda, bagçylyk, tokaý zolaklarynda tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişi, işgärlere, hünärmenlere, şol sanda meýdan şertlerinde işleýän zähmet köpçüligine döredilen amatly şertler, işgärleriň we hünärmenleriň zähmetini goramakda alnyp barlan işler, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişi, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan adam hakyndaky aladadan gelip çykýan çözgütleri köpçülikleýin şertnama girizmek hem-de ony doly, dogry ýerine ýetirmek barada giňişleýin durlup geçildi. Duşuşykda zähmeti goramak işlerini kämilleşdirmek barada özara pikir alşyldy we teklipler diňlenildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, edara-kärhanalara, önümçiliklere ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalar we enjamlar iş şertlerini ýeňilleşdirmek bilen birlikde, önümçiligiň depginini ýokarlandyrýar we daşky gurşawyň abadançylygyna oňaýly täsir edýär. Adamyň saglygyny berkitmekde, dikeltmekde, iş şertlerini gowulandyrmakda, dynç alşyny talabalaýyk guramakda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn beýik tutumlar raýatlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.