Habarlar

Aşgabatda «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly ekologiýa çäresi geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/13490/original-16a954aa3cc64b.jpeg

29-njy awgustda «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezindäki «Bilelik Hub» döredijilik merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly ekologiýa çäresi geçirildi.

Çäräniň esasy maksady gatnaşyjylaryň arasynda ekologik pikirlenmäni ösdürmekden hem-de ýaşlary ekologiýa taýdan arassa, ygtybarly we durnukly geljegi döretmäge gönükdirilen innowasion başlangyçlara höweslendirmekden ybarat boldy.

Çäräniň açylyşynda daşky gurşawy goramakda halkara hyzmatdaşlygyň we ýaşlaryň işjeňliginiň möhümdigi bellenildi.

Onuň dowamynda öňdebaryjy eko-innowasiýalar bilen tanyşdyryldy hem-de gözel tebigatymyz bilen baglanyşykly wideoşekiller görkezildi. Şeýle hem gatnaşyjylara galyndylary azaltmak, olary gaýtadan işlemek (apsaýkling) barada interaktiw maglumatlar berildi.

Çäräniň çäginde ekologik meselelere çalt we netijeli çözgüt tapmak boýunça guralan tegelek stol ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Onuň dowamynda «Ýaşyl impuls» eko-fleşmoby guraldy we ekologiýa boýunça bilimleri barlamaga gönükdirilen «Своя игра» intellektual toparlaýyn bäsleşigi geçirildi.

Ekologiýa çäresiniň ahyrynda oňa işjeň gatnaşanlara Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu çäre Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maliýe taýdan goldamagynda geçirildi.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.