«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Nebit-gaz» gazetiniň ilkinji sany 2011-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda çapdan çykdy. Geçen döwrüň içinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň pudaklaýyn neşiri ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hakyky ýylýazgysyna öwrüldi. Onuň sahypalarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli halkara düzüm taslamalarynyň amala aşyrylyşy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) gurluşygy, iri gazly we nebitli känleriň özleşdirilişi, nebithimiýa zawodlarynyň döwrebaplaşdyrylyşy we ýangyç-energetika toplumynyň beýleki iri möçberli işleri yzygiderli şöhlelendirilýär.
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktorynyň, tejribeli, halypa žurnalistleriň, “Türkmengaz” we “Türk-mennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleriniň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döredilen gazetiň geçen ýoly barada giňişleýin gürrüň berildi. Neşiriň sanly ulgamy işjeň ösdürýändigi barada hem aýdyldy. Sanly ulgama geçilmegi we elektron görnüşiniň döredilmegi “Nebit-gaz” gazetini täze derejä çykardy hem-de ýurdumyzda, şeýle hem onuň çäklerinden alyslarda okyjylaryň sanyny artdyrdy.
Bellenilişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebit-gaz» gazeti ykdysady neşir bolup, ýangyçenergetika toplumynyň metbugat aýnasy hasaplanýar, milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynyň durmuşyndan söhbet açýar, pudagyň zähmet durmuşyny halkymyza gyzgyny bilen ýetirýär. Geçen ýyllaryň dowamynda nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň hakyky ýylýazgysyna öwrülen gazet ilkinji sanyndan başlap, ýurduň strategik pudagynyň aýdyňlygyny üpjün edip gelýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan döwrümiziň nebitgaz senagatynyň beýik gurluşyklary we nebitgaz durmuşynyň möhüm hem taryhy wakalary gazetiň sahypalarynda öz beýanyny tapdy.
Dabaranyň çäklerinde gazetiň döredilen wagtyndan bäri onuň redaksiýasynda zähmet çeken weteran žurnalistleriň, ýerlerdäki kärhanalaryň gazanýan üstünliklerini dessin beýan edýän welaýat habarçylarynyň, şeýle hem nebitgaz toplumynyň desgalaryndan fotoreportažlaryň hem-de önümçiligiň öňdebaryjylary barada makalalaryň awtorlarynyň goşantlary aýratyn bellenildi. Çykyş edenler neşiri has-da kämilleşdirmek, onuň maddy-tehniki üpjünçiligini ösdürmek hem-de işgärler üçin amatly şertleri döretmek baradaky meselelere aýratyn üns berdiler.
Dabaranyň dowamynda gazetiň ozalky habarçylary Swetlana Goržiniň, Hojaberdi Baýramowyň we Mämmetgylyç Kütiýewiň adyna mähirli ýatlama sözleri aýdyldy. Olar ýadawsyz döredijilik işleri bilen neşiriň taryhynda we okyjylaryň kalbynda ýatdan çykmajak yz galdyrdylar.
Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň adyndan “Nebit-gaz” gazetiniň ähli işgärlerine gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.