Habarlar

Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!

https://ussatnews.com/storage/posts/13600/original-16aa91fc63abdc.png

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär. Bu bäsleşik ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilip, «Näme üçin ozon gatlagyny goramak möhüm?» diýen temany öz içine alýar.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşmak isleýänler öz makalalaryny türkmen, rus ýa-da iňlis dilleriniň birinde taýýarlap bilerler. Hödürlenýän işler A4 formatda, 14-nji şrift ölçeginde taýýarlanmaly, göwrümi boýunça azyndan 2 sahypadan ybarat bolmalydyr. Ýazylan makalalar 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Hödürlenýän işler guramanyň tebigatchy.jemg@gmail.com elektron salgysyna ugradylmalydyr. Bäsleşige gatnaşyjylar öz işleri bilen bir hatarda ady, familiýasy, okaýan orta ýa-da ýokary okuw mekdebi, ýaşaýan salgysy we telefon belgisi baradaky maglumatlary hem goşmalydyrlar. Işler elektron poçtadan ugradylanda hatyň temasyna «Ozon-makala» diýip ýazmak haýyş edilýär.

Bäsleşigiň jemleri boýunça 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlary eýelän ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar. Ýaşlary daşky gurşawy goramaga öz goşantlaryny goşmaga hem-de bu bäsleşige işjeň gatnaşmaga çagyrýarys!

Habarlaşmak üçin telefonlar: +(993 12) 37-46-78, +(993 64) 26-84-32.

Başga habarlar
16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.


16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.

16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.