Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy
3-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň geçen dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirýändigini, ulgamyň işini kämilleşdirmekde, döwrüň gazananlary esasynda ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini, şonuň netijesinde pudagyň öňünde möhüm wezipeleriň kesgitlenendigini belledi. Nygtalyşy ýaly, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmek, nebitgaz toplumynyň önümçilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň täze gorlaryny ýüze çykarmak boýunça barlag-gözleg işlerini dowam etdirmek zerurdyr.
Maslahatyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Berdimyrat Amanow hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Hasabat ýygnagynda ýurdumyzyň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmak, önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işini guramak, täze ýataklary gözlemek we açmak, bu ugurda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, geologik-gözleg işlerini häzirki zaman enjamlaryny peýdalanmak arkaly ýerine ýetirmek babatda berlen tabşyryklar hem-de öňde goýlan wezipeler babatda giňişleýin durlup geçildi.
Şeýle hem ýygnakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşlarynyň möhüm ähmiýetine üns çekildi. Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň çykyşlarynda beýan edilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda milli ykdysadyýetimiziň esasy hereketlendiriji güýji bolan ýangyç-energetika toplumyna esasy orun degişli boldy.
Ýygnakda çykyş edenler ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny has-da ösdürmäge, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge, bu ulgamda zähmet çekýän işgärleriň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Guwanç Agajanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary hemişe gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine döwrebap tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik we ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, ulgamda ylmy-innowasion täzelikleri öwrenmegiň, ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, iş tejribelerini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi.
Wise-premýer pudagyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we SPE energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirýär
Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek OGT – 2026 Halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde Nebitçi inženerler jemgyýetiniň (SPE) wekilleri tarapyndan aýratyn tegelek stol geçiriler diýip, Turkmen Energy Forum habar berýär.
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar
14-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär
10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.