OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.
Garaşylyşy ýaly, öňde boljak sergä gatnaşýan köpsanly daşary ýurtly gatnaşyjylaryň arasynda Malaýziýanyň 20-den gowrak kompaniýasy bar.
Malaýziýanyň pawilýonynda deňiz operasiýalary, inženeriýa, energetika hyzmatlary we senagat tehnologiýalary ugurlaryndaky gazanylanlar görkeziler. Malaýziýanyň wekiliýetine ykdysadyýet ministri Hajy Akmal Nasrulla bin Hajy Mohd Nasyr ýolbaşçylyk eder diýlip garaşylýar.
Mundan başga-da, OGT 2026-nyň maslahatynyň maksatnamasynyň çäklerinde 20-nji oktýabrda Malaýziýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygy boýunça tegelek stol meýilleşdirilýär. Duşuşyk «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri bilen tehnologiýalar, enjamlary üpjün etmek we senagat hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça gepleşik üçin mümkinçilikleri berer.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.