Habarlar

Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

https://ussatnews.com/storage/posts/13818/original-16adf70c337cb8.jpeg

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan giň gerimli pudaklaýyn foruma dünýäniň 75-e golaý ýurdundan wekilleriň 1700-den gowragy gatnaşdy. Sergide dünýäniň ýangyç-energetika bazarynyň esasy döwletleri — iri kompaniýalaryň 130-dan gowragy öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýän işewür toparlaryň ýylsaýyn artýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerinde geljegi uly taslamalara uzak möhletli maýa goýumlary gönükdirmäge ähli şertleri döretmegi dowam eder.

Plenar mejlisleriň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanowyň çykyşy ýangyç-energetika toplumynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň ugurlaryny kesgitledi. Olaryň hatarynda ägirt uly «Galkynyş» gaz känini tapgyrma-tapgyr özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasyny durmuşa geçirmek, düzümi ösdürmek we sebit arabaglanyşygyny berkitmek ýaly meseleler boldy.

Uzak möhletli hyzmatdaşlygyň pursatlary — Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyny hem-de Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklara 30 ýylyň dolmagyny dabaraly gutlamak forumyň ähmiýetli wakalaryna öwrüldi.

Bu şanly seneleriň çäklerinde «Galkynyş» gaz känini senagat möçberinde özleşdirmegiň dördünji tapgyryna resmi taýdan badalga berildi. Onuň serişde binýady, «Gaffney, Cline & Associates» garaşsyz auditoryň baha bermegine görä, Garaköl we Ýaşlar ýataklary bilen bilelikde gazyň 27,4 trillion kub metrine barabardyr. Tapgyra dabaraly ýagdaýda badalga bermek çäresi türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-niň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda geçirilipdi.

Maslahatyň işewür maksatnamasy dünýäniň energetika gün tertibiniň has möhüm ugurlaryny, şol sanda eksport ugurlaryň özleşdirilmegini gurşap aldy. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy üns merkezinde boldy. «TAPI Pipeline Company» kompaniýasynyň habar berşi ýaly, Serhetabatdan Hyrada çenli aralykda turbalaryň 124 kilometri (ugruň 80 göterime golaýy) kebşirlendi we çekildi, onuň ulanmaga berilmegi bolsa 2026-njy ýylyň ahyrynda göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem bilermenler Özbegistana, Gazagystana, Gyrgyzystana we Täjigistana gaz ibermek üçin niýetlenen «Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. BOTAŞ türk kompaniýasynyň direktorlar Geňeşiniň başlygy Abdulwahit Fidan bolsa, türkmen gazyny Hazarüsti turba geçiriji boýunça Türkiýä we soňra Ýewropa akdyrmak boýunça strategik maksady tassyklady.

Şertnamalaýyn-hukuk binýady berkitmek OGT — 2026-nyň möhüm bölegini düzdi: forumyň çäklerinde Hytaýdan, Malaýziýadan, Özbegistandan we Gazagystandan gelen hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn resminamalaryň bäşisine gol çekildi. Hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserni Hytaýyň milli deňiz nebit korporasiýasy (CNOOC) bilen Hazar deňziniň türkmen böleginde hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Malaýziýanyň nebit serişdeleri boýunça korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatlar we enjamlar babatda Ähtnama baglaşdy. Şeýle hem

«TENERGY TIANJIN CO., LTD», «KSP Steel» hem-de «Daşkendiň Galperin adyndaky turba zawody» bilen turba önümlerini satyn almak barada şertnamalara gol çekildi.

«Türkmenistan — Malaýziýa: energetika boýunça hyzmatdaşlyk» atly ýörite «tegelek stol» ikitaraplaýyn dialoga aýratyn öwüşgin çaýdy. Oňa Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmala Nasrulla bin Mohd Nasir we Malaýziýanyň kompaniýalarynyň 20-siniň wekilleri gatnaşdylar.

Sergi ekspozisiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň tehnologik taýdan ösüşini aýdyň görkezdi. Däbe öwrülen pudaklaýyn işläp düzmeler bilen bir hatarda emeli aňly innowasion robot-gumanoid bilen tanyşdyryldy, ol myhmanlara pudagyň düzümi, şeýle hem ekoinnowasiýalar babatda çözgütler, metanyň zyňyndylaryny azaltmak we «ýaşyl» energetika ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada gürrüň berdi.

Üç günlük forum metbugat maslahatynda netijeleri jemlemek, foruma gatnaşyjylary sylaglamak hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etmek bilen tamamlandy. Bu waka durnukly ösüşiň we global energetika howpsuzlygynyň bähbidine ykrar edilen netijeli halkara dialogynyň merkezi hökmünde Aşgabadyň ýokary derejesini nobatdaky gezek tassyklady.

Ussa Ussaýew,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga habarlar
16adf6b104a78d.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.


16adf6771e1c13.jpeg
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.


16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.

16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.


16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.