Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir. Şu günki gün bu köpasyrlyk däpler döwletara gepleşiklerde we ählitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlykda döwrebap dowam etdirilýär.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orun tutýar. Ol soňky ýigrimi ýylda ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy hereketlendirijisi boldy. Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmagy wagtyň synagyndan geçen bu bileleşigiň nyşany hökmünde çykyş edýär.
Geçen ýigrimi ýylyň dowamynda Aşgabadyň we Pekiniň gaz dialogy özara ynanyşmaga, bähbitleriň hormatlanmagyna we bilelikdäki ösüşe ymtylmaga esaslanýan, Ýewraziýa giňişliginde uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygyň iň üstünlikli mysallarynyň birine öwrüldi.
Şu gün Hytaý Halk Respublikasy türkmen «mawy ýangyjynyň» iň uly import ediji ýurdy bolup durýar. Türkmenistan — Hytaý magistral gaz geçirijisi 2009-njy ýylyň dekabryndan bäri bökdençsiz işleýär. 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryna çenli bu yklymara geçiriji arkaly 477 milliard kub metrden gowrak ekologik taýdan arassa ýangyç iberildi.
Energetika bileleşiginiň ösüşinde täze ädim «Galkynyş» ägirt uly känini özleşdirmegiň IV tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi boldy. CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd. kompaniýasynyň ýolbaşçylygyndaky bu taslama ýokary öndürijilikli täze guýularyň burawlanmagyny we ýylda 10 milliard kub metr kuwwatlylykdaky döwrebap gazy gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygyny öz içine alýar.
Taslamanyň ýokary syýasy we ykdysady derejesini 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Mary welaýatynda geçirilen badalga bermek dabarasy tassyklady. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan gatnaşdy.
Türkmenistanyň Döwlet ministri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň belleýşi ýaly, özleşdirmegiň dördünji tapgyry diňe eksport möçberleriniň artmagyny däl, eýsem tehnologik hyzmatdaşlar, potratçylar we öňdebaryjy enjamlary üpjün edijiler üçin hem giň mümkinçilikleri açýar.
Şunuň bilen bir hatarda, hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyry energetika dialogyny täze hil derejesine çykarýar. Bu ýerde diňe çykarylýan gazyň möçberine däl, eýsem çuňňur tehnologiki özgertmelere hem uly üns berilýär.
CNPC International Ltd. kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Du Ýumingiň sözlerine görä, mundan beýläk işiň ileri tutulýan ugurlary önümçilik prosesleriniň sanly integrasiýasy, innowasiýalary ornaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we ekologik ülňülere berk eýermek bolup durýar.
Ýigrimi ýyllyk bilelikdäki iş tejribesi täze, özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat döredýär. «Galkynyş» känindäki IV tapgyryň üstünlikli başlanmagy we tehnologik döwrebaplaşdyrma ugry Türkmenistanyň gaz çykaryjy kuwwatyny giňeltmek bilen bir hatarda, tutuş sebitiň uzak möhletli energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge-de ep-esli goşant goşýar.
Yslamabatda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi
16-njy noýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.