Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, ýurdumyz sammite myhman hökmünde gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar tebigy gazyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ornuny hem-de bu ýangyjyň dünýä bazarlaryna ygtybarly iberilmegini üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, tebigy gaz gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biri bolan Türkmenistan, känleri jogapkärli özleşdirmegi, döwrebap infrastrukturany, gazy gaýtadan işlemegi, nebitgazhimiýa önümçiligini, tehnologik innowasiýalaryny we durnukly ykdysady ösüşi utgaşdyrýan deňagramly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty üstünlikli amala aşyrýar.
Önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly giň halkara hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikleri döretmek Türkmenistanyň uzak möhletleýin energetika strategiýasynyň esasyny düzýär.
Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitiniň jemleri boýunça Moskwa jarnamasy kabul edildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.