Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Iki ýurduň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Iş maksatnamasyna tematiki mejlisler we B2G görnüşindäki ikitaraplaýyn gepleşikler girýär. Hytaý kompaniýalary "Türkmengaz", "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa" döwlet konsernleriniň, degişli ministrlikleriň, edaralaryň we Türkmenistanyň bank pudagynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirýärler.
Gün tertibiniň aýratyn meseleleri – suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny getirmek, agrar pudagyny maliýeleşdirmek we iýmit önümleriniň hilini hem-de howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boldy.
Forumda hytaýyň energetika, inženerçilik, maliýe, dokma we logistika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Taraplar şeýle hem demir ýol ulagy, suw hojalygy we senagat önümçiligi ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Forumyň maksatnamasynda maýa goýum taslamalarynyň çykyşlary, hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekmek we syýahatçylyk pudagynda özara hereketleriň geljegini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Forum hytaýyň önümçilik kärhanalaryna baryp görmek bilen tamamlanar. Türkmen wekiliýeti döwrebap önümçilikleriň işi bilen we täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň tejribesi bilen tanşar diýip, Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi (THP) habar berýär.
Türkmenistan we Ermenistan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisinde Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň wekiliýetleri söwda-ykdysady, energetika we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlediler.
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ýangyç-energetika we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
23-nji noýabrda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň bilelikde başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki çykyşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY.
Halk Maslahatynyň Prezidiumy Türkmenistanyň ykdysady ösüş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdy
18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy.