Habarlar

Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

https://ussatnews.com/storage/posts/13912/original-16af40f5b47663.jpeg

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Muhammed bin Garad ilkinjileriň hatarynda «Expo 2030 Riyadh» sergisine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklandygy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar Türkmenistanyň milli sergisiniň taýýarlygy bilen bir hatarda, çärä gatnaşygyň guramaçylyk taraplaryny, şol sanda ýurduň sergä resmi gatnaşmagy barada ylalaşygyň gol çekiliş dabarasyny geçirmek meselelerini ara aldylar.

Ilçi Muhammetgeldi Aýazow Türkmenistanyň «Ekspo-2030» sergisine gatnaşmagynyň ýurduň gazananlaryny Milan, Astana, Dubaý we Osaka şäherlerinde bolşy ýaly, iň iri halkara sergi meýdançalarynda yzygiderli görkezmek tejribesiniň dowamy boljakdygyny nygtady.

Geljekki çäräniň Türkmenistanyň ykdysady, ylmy-tehniki we medeni kuwwaty bilen halkara jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmak üçin ähmiýetli bolup durýandygy bellenildi.

Taraplar sergä taýýarlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

«Expo 2030 Riyadh» Bütindünýä sergisi Saud Arabystanynyň paýtagtynda 2030-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan 2031-nji ýylyň 31-nji martyna çenli geçiriler. Serginiň esasy ugurlary hökmünde özgerdiji tehnologiýalar, ekologiýa başlangyçlary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçiş, tegelek ykdysadyýet düşünjeleri, halkara hyzmatdaşlygy we adam kuwwatyny ösdürmek bolar.

Başga habarlar
16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.


16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.

16af155aed1f8c.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.