Habarlar

Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

https://ussatnews.com/storage/posts/13923/original-16af5860cde284.jpeg

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Milli howa strategiýasyna laýyklykda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan we Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarlydyr.

Bu parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga we energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, häzirki döwrüň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga degişli anyk çäreler bilen berkidilýär.

«Ählumumy metan borçnamasyny durmuşa geçirmek wajyp ugur bolup durýar. Bu işde milli energetika üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň ýitgisini azaltmak, zyňyndylara gözegçiligi kämilleşdirmek boýunça çäreler toplumy amala aşyrylýar» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Türkmenistan howanyň ýagdaýy baradaky hasabatlylygy we maglumatlaryň aýdyňlygyny kämilleşdirmäge uly üns berýär. Gahryman Arkadagyň belleýşi ýaly, ýurdumyz howanyň üýtgemegi baradaky Dördünji milli habarnamany taýýarlady hem-de Türkmenistanyň Milli derejede goşandyny kesgitleýän nobatdaky täzelenen Üçünji habarnama boýunça işleri tamamlady.

«Biz howa gün tertibi babatda milli tagallalary sebit hyzmatdaşlygynyň düzüm bölegi hökmünde esasly göz öňünde tutýarys. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady, durmuş, ekologiýa, tebigaty goramak, suw-energetika we beýleki ugurlardaky ösüşi özara baglanyşyklydyr. Bu şertlerde toplumlaýyn çemeleşmek sebitiň ýurtlaryna bar bolan meseleleri netijeli çözmek üçin özara bähbitleri hasaba almaga mümkinçilik berer diýip hasaplaýarys» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni jemledi.

Bu ugurda möhüm üstünlikleriň biri Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi boldy. Mälim bolşy ýaly, bu merkezi döretmek başlangyjyny Türkmenistan öňe sürdi we sebitiň döwletleriniň hem-de halkara hyzmatdaşlaryň goldawyny gazandy.

Gahryman Arkadagymyz şu forumyň münberinden Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň 2027-nji ýylyň başynda öz işine başlaýandygyny habar berdi.

Başga habarlar
16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.


16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.

16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16af155aed1f8c.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.