Yslamabatda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi
16-njy noýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda YHG-nyň Türkmenistan üçin ösüşi ilerletmegiň hakyky guraly bolup galýandygyny belledi.
Türkmenistan YHG-nyň 2035-nji ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlygynyň Strategik maksatlarynyň taslamasyny goldap, olaryň 2024–2034-nji ýyllar üçin Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Awaza Hereketler maksatnamasy bilen sazlaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem türkmen tarapy jemleýji komýunikede 2021-nji ýylyň Aşgabat Hereketler konsensusynyň ähmiýetini tassyklamak baradaky teklibi öňe sürdi.
Söwda ulgamynda Türkmenistan YHG-nyň Söwda ylalaşygyny çeýe, tapgyrlaýyn we ähli taraplary öz içine alýan esasda döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Hemişelik wekilleriň geňeşi tarapyndan goldanylan bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek baradaky başlangyjyna üns çekildi.
Ulag meseleleri barada aýdylanda, türkmen tarapy Merkezi Aziýany Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar, Kawkaz we Ýewropa bilen birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. YHG-nyň ulag ministrleriniň nobatdaky maslahatynyň Türkmenistanda geçiriljekdigi bellenildi.
Energetika ulgamynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň strategik ähmiýeti, şeýle hem Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga taýýardygy nygtaldy. Owganystany sebitdäki ykdysady proseslere çekmegiň zerurdygy hem bellenildi.
Mary şäheriniň 2028-nji ýyl üçin «YHG-nyň syýahatçylyk paýtagty» diýlip yglan edilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ähli agza döwletler geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan YHG-nyň agza döwletleri, Sekretariaty we guramanyň düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Guramada başlyklygy öz üstüne alan Pakistana üstünlikler arzuw edildi we Türkmenistanyň ony doly goldaýandygy beýan edildi.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.