Ussatlar

Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet HANOW

https://ussatnews.com/storage/posts/143/original-15fa14d9763c2a.jpeg

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Hanow bilen onuň döredijiligi, maşgala durmuşy hakda söhbetdeş bolduk.

— Hormatly Prezidentimiz medeniýet, sungat ussatlarymyza daşary ýurt sahnalarynda çykyş etmäge giň ýol açdy.

— Howwo. Ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň dünýä ýüzünde dabaralanmasy diýseň begendirýär. Ýurdumyzyň döredijilik toparynyň düzümi bilen Gazagystan, Azerbaýjan, Owganystan, Türkiýe, Russiýa, Katar, Saud Arabystany Patyşalygy, Horwatiýa, Eýran ýaly daşary ýurtlaryň ençemesinde çykyş etmek bagty miýesser etdi. Milli aýdym-saz sungatymyzy dünýä ýaýmaga döredilýän şertler halkymyza goýulýan belent sarpadan nyşan. Birek-biregiň sungatyny, däp-dessuryny öwrenmek, pikir alyşmak tejribäňi baýlaşdyrýar, kämilleşdirýär.

— «Öňe barýas Arkadag bilen», «Guwanýas», «Gel Türkmenistana» ýaly döwrebap aýdymlary hem-de «Tä men gelinçäm», «Suwa geledir» ýaly birnäçe halk aýdymlaryny estrada görnüşinde ýerine ýetirýärsiňiz. Saz gurallaryny çalmakdan başyňyz çykýarmy?

— Kiçilikden tä harby gullugy sowup gelýänçäm kakylyp çalynýan (udarnik) saz guralyny çalýardym. Agalarym Orazmuhammet bilen Annamuhammet aýdym aýdýardy. Uly agam Orazmuhammet halk aýdymlaryny aýdýardy. Aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny agalarymdan öwrendim.

Kiçi agam Annamuhammediň Türkmenistanyň halk artisti Şamämmet Bäşimowyň «Dessan» ansamblynda aýdan aýdymlarynyň käbir ýazgysy teleýaýlymyň arhiwinde bar. Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň wokal bölümini tamamladym. Häzir diňe aýdym aýdýaryn.

— «Çekseň zähmet, ýagar rehnet» diýen nakylyň durmuşyňyzdaky sazlaşygy hakda nämeler aýdyp bilersiňiz?

— Hormatly Prezidentimiziň saýasynda halkymyza, ýurdumyza hyzmat etseň, gadyryň bilinýär. Gahryman Arkadagymyz 2007-nji, 2009-njy ýyllarda «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, 2008-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen at bilen, şeýle hem Magtymguly Pyragy, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň ýubileý medallary bilen sylaglady. Şeýle uly döwlet sylaglary üçin halkymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňünde borjumyz uly. Täze-täze aýdymlarym bilen milli Liderimiziň halk bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň waspyny ýetirmek baş maksadym.

— Mümkin bolsa, maşgala agzalaryňyz bilen tanyşdyraýsaňyz.

— Gelnim, bir gyz, üç ogul perzendimiz bar. Gyzym Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny tamamlady. Ondan iki gyz, bir ogul agtygymyz bar. Uly oglum Türkmen döwlet medeniýe institutyny tamamlanan soň harby gulluga çagyryldy. Ortanjy we kiçi ogullarymyz Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwçylary.

— Işden boş wagtlaryňyz näme bilen meşgullanýarsyňyz?

— Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwrebap ýaşamaga, işlemäge, döretmäge, dynç almaga näçe diýseň şert bar. Paýtagtymyzdaky Medeniýet şäherçesiniň ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýynda kärdeşlerimiziň, döredijilik işgärleriniň birnäçesi bilen goňşy ýaşaýarys. Birek-birek bilen döredijilik hakda söhbetdeş bolýarys. Golaýymyzda sport meýdançasy bar. Her gün irden, agşam ylgaw bilen meşgullanýaryn. Daş-töweregimiziň gözelligini synlap açyk howada gezim etmek maňa lezzet berýär. Şeýle mümkinçilikler üçin mähriban Arkadagymyza alkyşlarym çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!

Akgül SAPAROWA,

USSAT NEWS.

Başga ussatlar
1643677beb7b0f.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA

Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.


164204365be94e.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew

Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.


1635eb270cd9e8.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA

Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.

161cd265ce8819.jpeg
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow

Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.


160ffed96bd9ca.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.