Türkmenistan–Gruziýa: nebit önümleriniň eksporty artýar
Şu ýyl Türkmenistanda öndürilýän önümleriň Gruziýa iberilen mukdary 2,5 essä golaý ýokarlandy.
Gruziýanyň Nebit önümleri boýunça importçylar birleşiginiň habar berşi ýaly, şu ýylyň alty aýynda awtoulag benzininiň we dizel ýangyjynyň uly mukdary Rumyniýadan, Türkmenistandan we Russiýadan gelip gowuşdy. Hususan-da, işewürler ýurdumyzdan şol nebit önümleriniň 122,6 müň tonnasyny satyn aldylar, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 72,3 müň tonna köpdür. 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde iberilen önümleriň mukdary 3 essä golaý ýokarlandy.
Business Media Georgia habarlar agentligi öz nobatynda şu ýylyň birinji çärýeginde awtoulag benzinini we dizel ýangyjyny eksport eden döwletleriň sanawyny çap etdi. Sanawyň başyny Türkmenistan çekýär: üç aýyň dowamynda ýurdumyzdan satyn alynan nebit önümleriniň umumy bahasy 32 million dollara deň boldy.
Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenbaşynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda awtoulag benzininiň dürli görnüşleriniň 930 müň tonna golaýynyň we dizel ýangyjynyň 800 müň tonnadan gowragynyň öndürilendigini bellemek gerek.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki çykyşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY.
Halk Maslahatynyň Prezidiumy Türkmenistanyň ykdysady ösüş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdy
18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy.
Yslamabatda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi
16-njy noýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.