Türkmenistan Owganystanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň onusynyň hataryna girdi
Owganystanyň mlli statistika we habarlar müdirliginiň (NSIA) çap eden maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistan OYR-niň iri söwda hyzmatdaşlarynyň onusynyň hataryna girdi. Ýurdumyzdan ugradylan harytlaryň 70 göterime golaýy nebitgaz toplumynyň önümleridir. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 64 million dollaryna golaý boldy.
Hususan-da, şu ýylyň ilkinji üç aýynda Türkmenistandan Eýrana A-80 benziniň 8 müň tonna golaýy hem-de awtoulag benzininiň beýleki görnüşleriniň 45 müň tonnadan gowragy, şeýle hem suwuklandyrylan gazyň 40 müň tonna golaýy ugradyldy.
Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdireniňde iberilen dizel ýangyjynyň hem möçberi ep-esli artyp, 28 müň tonnadan gowrak boldy. Mundan başga-da, owgan işewürleri tehniki nebit ýaglaryny, polietilen, polipropilen, propan we beýleki önümleri satyn aldylar.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyndaky ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY.
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar
Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.