Hazardaky «Dostluk» ýatagyny bilelikde özleşdirmegiň geljegini Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň wekilleri maslahatlaşdylar
Aşgabatda Hazar deňziniň «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we özleşdirmek hakyndaky hökümetara Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan iş toparynyň iki günlük mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşykda türkmen tarapyna Iş toparynyň türkmen böleginiň başlygy, Döwlet ministri - «Тürkmengaz» Döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, azerbaýjan tarapyna – Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministri P.Şahbazow ýolbaşçylyk etdiler.
Mejlise şeýle-de «Тürkmennebit» Döwlet konserniniň başlygy, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hem-de «Тürkmengeologiýa» Döwlet konserniniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň mart we maý aýlarynda geçirilen mejlisleriň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň derwaýys meselelerine seredip geçdiler.
Geljegi uly hökümetara resminamasynyň netijeli durmuşa ornaşdyrylmagy ugrunda hyzmatdaşlaryň we maýadarlaryň bu taslama çekilmegi babatynda bilelikdäki işleriň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berildi.
Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny we özara düşünişmelerini has hem pugtalandyrmak, bu ugurda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň hemmetaraplaýyn açylmagy maksady bilen, 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Azerbaýjanyň Parlamenti bu Ähtnamany 2021-nji ýylyň fewralynda tassyklady. Türkmenistanyň Mejlisi bu resminamany şu ýylyň martynda kabul etdi.
2021-nji ýylyň fewralynda «Lukoýl» kompaniýasynyň başlygy Wagit Alekperow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda bu geljegi uly taslama gatnaşmak meýilleri barada aýtdy.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.