Ussatlar

Türkmenistanyň halk artisti Annaguly MYRATDURDYÝEW

https://ussatnews.com/storage/posts/172/original-15fa1442f9deef.jpeg

Sungata bolan ylahy zehin ynsana tebigy berilýär. Mahmal owazy bilen kalplara mähribanlyk paýlaýan halypa bagşymyz Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň ýokary derejeli aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýewdir. Biz hem halypa aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

— Annaguly, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly toýuna medeniýet we sungat işgärleri özleriniň täze döreden eserleri bilen sowgatly barýarlar. Bu toýa siziň nähili sowgadyňyz bar?

— Bu şanly toýy mynasyp sowgatly garşylamak her birimiziň köňül arzuwymyz. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly aýdymy ussat sazandalarymyz bilen diňleýjilere ýetirdik. Aýdymdyr saza uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge, ony bütin dünýäde giňden wagyz etmäge aýratyn üns berýär. Bagtyýar döwrümiziň, eşretli zamanamyzyň waspyny ýetirmek her bir sungat işgäri üçin mukaddes borçdur.

— Aýdymdyr saza gelşiňiz bilen söhbedimizi dowam edäýeliň!

— Meniň sungata söýgim çagalykdan başlandy. Çagalyk döwürlerimde agam Orazsähediň ýanyna Aga Begjanow atly gitara çalýan dosty gelerdi. Ol saz çalan wagty men aýdym aýdardym. Ol meniň aýdym-saza bolan höwesimiň uludygyny duýup, ejemdir kakama: «Ogluňyzyň mahmal ýaly sesi bar, rugsat berseňiz aýdymdyr sazyň inçe tilsimlerini öwredeýin” diýip, Aga halypam maňa aýdymyň jadylaýjy dünýäsinde öz ýolumy tapmakda halypalyk goluny uzatdy. Paýtagtymyzdaky 20-nji orta mekdebi, soňra-da şol wagtky Halk hojalyk institutyny tamamlap, indi 36 ýyl bäri halkyň hyzmatynda.

— «Yhlasa-myrat» diýleni bolupdyr-da!

— Elbetde, kiçiligimden halypalaryň aýdymdyr sazlaryny ürç edip diňlemegim meniň kämillige ýetmegime itergi berdi. Söýgi, mähir, yhlas bilen ýerine ýetiren aýdymlarym diňleýjileriň söýgüsine mynasyp boldy. Ynam diýilýän zadyň gudratly güýjüniň bardygyna heniz ýetginjek wagtym göz ýetirdim.

— Söhbedimiziň şu ýerinde durmuşyňyzda ýatda galan pursatlar hakynda-da aýdaýsaňyz!

— Meniň aýratyn ýatlasym gelýän pursadym Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde birnäçe gezek aýdym aýtmak bagtynyň özüme miýesser edenligidir. Ol pursatlar durmuşymdaky iň bagtly, iň ýatdan çykmajak, ömrüme röwşenlik çaýýan ajap günler bolup hakydamda galdy. Ynha, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginde ýeňiji bolup, Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmagym durmuşymda ýatdan çykmajak günleriň biri boldy.

— Annaguly, siziň meşhur «Arkadag», «Watan», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Eneler» ýaly aýdymlaryňyz dilden-dile geçip, halkyň söýgüsine mynasyp boldy. Şu pursatda täze döredýän aýdymlaryňyz hakynda-da durup geçäýseňiz!

— Umuman-a men muny diňleýjilerime garaşylmadyk sowgat hökmünde peşgeş etmegi göz öňünde tutýardym. Ýöne häzirlikçe Watanymyz, Gahryman Arkadagymyz hakyndaky aýdymlarymyň üstüni ýene iki-üç sany söýgi aýdymy bilen ýetirmegi maksat edinýärin. Nesip bolsa, baýramçylyk günlerinde şol aýdymlary halkymyza hödürläris.

— Halypalaryň hyzmatynyň siziň döredijiligiňize eden täsiri dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

— Aýdym aýtmakda-da, saz çalmakda-da Gahryman Arkadagymyz halypalyk göreldesini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmeniň aýdym-saz sungatyna çaýan täze öwüşgini biz — aýdymçylary öz işimize täzeçe garamaga ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Leýlisaç barada rowaýat», «Kalbymda sen», «Ýadymda» ýaly aýdymlaryny diňläniňden soň: «Ine, eser döredeňde, şeýdip döredip bilsediň» diýýärsiň. Halkyň kalbynda baky ýaşajak şeýle eserleri döretmegi öz borjuň hasap edýärsiň. Biz — sungat işgärleri il-güne ömürlik hyzmat etjek şeýle eserleri döredip bilsek sungatyň öňündäki borjumyzy hakladygymyz bolar.

— Halk saz gurallarynyň haýsysynyň owazyny has gowy görüp diňleýärsiňiz?

— Men hemme halk saz gurallaryny gowy görýärin. Olaryň hersiniň öz owazy, öz mukamy bar. Ýöne dutaryň owazy türkmeniň ganyna siňen. Men ony hezil edip diňläp, dynç alýaryn. Jadyly dutaryň owazy biziň ýüreklerimize ylham, mähir mukamy bolup siňýär.

— Aýdymyň şowly çykmagy nämä bagly diýip düşünýärsiňiz?

— Bagşy halky duýguçyl bolýar. Göwnüňe şatlygam, ünjem tiz täsir edýär. Begenen wagtyň birden ylham gelip, saza hiňleneniňi duýman galýarsyň ýa bolmasa täze aýdymy ilkinji gezek diňläniňde, ýüregiňde düşündirip bolmaýan tolgunma döreýär. Şeýle pursatda kalbyň joşup, täze bir eseriň gözlegine çykýarsyň. Saz bilen söz ýerine düşende, aýdymçy aýdymy ýüreginden geçirip aýdanda, şirin nagma has-da täsirli bolýar we hakyky sungat eseri döreýär.

— Maşgala durmuşyňyz hakda-da aýdaýsaňyz!

— Biz maşgalada 7 dogan — 4 oglan, 3 gyz bolup ulaldyk. Bagtyýar döwrümizde bagtly, agzybir maşgalam bar. Gelnim Aýna aýdymlarymyň ilkinji diňleýjisi. Gyzlarymyz Leýli bilen Laçyn durmuş ýoluna gadam basdy. Oglum Owaz 9-njy synpda okaýar. Maşgalamyzyň göz-guwanjy agtyjaklarymyz Aýmelek bilen Abdylla. Ynsan üçin maşgalasyndan, çagalaryndan gymmatly zat ýok.

— Boş wagtyňyz näme bilen meşgullanýarsyňyz?

— Boş wagtlarym, esasan, aýdym-saz döredýärin. Sport bilen meşgullanmak — endigim. Ak şäherimiz Aşgabadyň gözel künjeklerine maşgalamyz bolup gezelenç etmekden lezzet alýaryn.

— Geljekdäki maksatlaryňyz...

— Gahryman Arkadagymyz medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerine uly ynam bildirýär. Nesip bolsa, geljekde-de Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän ajaýyp aýdymlary döredip, halkymyza ýetireris. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň toýy toýlara ulaşsyn. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli ähli tutumlary rowaç bolsun!

— Annaguly, beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň, ajaýyp aýdymlaryňyzyň owazy belentden-belent ýaňlansyn, aýdym-saz äleminde ylhamyňyz joşup dursun!

— Sag boluň!

Ýazgül ANNAÝEWA,

USSAT NEWS.

Başga ussatlar
1643677beb7b0f.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA

Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.


164204365be94e.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew

Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.


1635eb270cd9e8.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA

Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.

161cd265ce8819.jpeg
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow

Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.


160ffed96bd9ca.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.