Soňky ýyllarda Türkmenistan 15 mlrd dollardan gowrak daşary ýurt maýasyny çekdi
Soňky ýyllarda daşary ýurtly guramalar bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň ykdysadyýetine 15 mlrd amerikan dollary möçberinde daşary ýurt maýalary çekildi. Bu barada Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow türkmen metbugatyna beren interwýusynda belledi.
Onuň bellemegine görä, maýalaryň 52%-i Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmäge, 18%-i – himiýa senagatyna, 10%-i – ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyna, 11%-i – oba hojalygyna, 9%-i – energetika ugrukdyryldy.
Daşary ýurt maýalarynyň esasy bölegi — 47,4%-i Ýaponiýa, 19%-i – Koreýa Respublikasyna, 11%-i – Saud Arabystanyna, 6,3%-i – Germaniýa, 5%-i – ABŞ, we galan 11,3%-i – beýleki döwletlere degişlidir.
Şeýlelikde daşary ýurt serişdeleriniň 80%-i ýurtda senagaty ösdürmäge gönükdirildi, bu bolsa milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaklygy tizleşdirmäge, ýurduň ägirt uly çig maýl binýadyny durmuşa geçirmäge we müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi.
R.Jepbarowyň bellemegine görä, bu günki gün Türkmenistanyň daşary maliýe borçnamalarynyň möçberi JIÖ-niň 11%-ine deň, bu bolsa dünýä tejribesinde kadaly gatnaşyga barabardyr.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.