Habarlar

Vitol we SOCAR Baku-Tbilisi-Jeýhan turba geçirijisi boýunça türkmen nebitini daşamak boýunça ylalaşyga gol çekdiler

https://ussatnews.com/storage/posts/1852/original-1613f25efd8db7.jpeg

Vitol (Niderlandlar) halkara energetika we söwda kompaniýasy 2021-nji ýylyň oktýabryndan başlap, Baku-Tbilisi-Jeýhan turba geçirijisi boýunça türkmen nebitiniň daşalýan mukdaryny ýylda 1 million tonna ýetirmek hakynda Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy SOCAR bilen ylalaşyga gol çekdi. Bu barada Energy Diary habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu ylalaşyk esasynda Russiýanyň Noworossiýsk porty arkaly iberilýän türkmen nebitiniň daşalyşy, takmynan, 50 göterime çenli azalar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň nebitiniň Russiýanyň üsti bilen üstaşyr iberilýän möçberi aýda 160 müň tonna barabardyr. Hazar deňzi arkaly ugradylýan çig mal nebit tankerlerinde Mahaçkala portuna baryp ýetýär we soňra Noworossiýsk nebit geçirijisi boýunça çykarylýar. Çaklanylyşy ýaly, indi onuň mukdary 80 müň tonna çenli kemeler.

Azerbaýjan we Russiýa türkmen nebiti babatda öňden bäsleşip gelýär we ylalaşygyň netijesinde bäsdeşlik täze tapgyra çykar diýip, Energy Diary ýazýar.

Başga habarlar
16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.


16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.

16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16af155aed1f8c.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.