Habarlar

Türkmenistanyň biržasynda Jet A-1 uçar ýangyjy satylyp başlandy

https://ussatnews.com/storage/posts/1859/original-1614090cf3b05d.jpeg

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Jet A-1 uçar ýangyjynyň ilkinji tapgyrlaryny Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda satuwa çykardy. TNGIZT-niň täze önümi söwda gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi we daşary ýurtly işewürler tarapyndan dessine satyn alyndy.

Jet A-1 uçar ýangyjy Ýewropanyň, ABŞ-nyň we Kanadanyň raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň, şol sanda Airbus we Boeing uçarlarynyň gazturbinaly hereketlendirijilerinde ulanylýar. TNGIZT bu ýangyjy şu ýylyň iýulynda öndürip başlady.

Çig maly düýpli arassalamak bilen alynýan täze ýangyç halkara awiasiýa standartlaryna laýyk gelýär hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan sertifikatlaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen nebithimiýaçylary ýurdumyzda öndürilýän nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmak babatda işjeň zähmet çekýärler. Mysal üçin, şu tomusda TNGIZT-de galyňlygy 20,25 we 30 mikrometr bolan gaplaýjy örtüklere goşmaça süýji önümleri we sowgatlar gaplananda ulanylýan galyňlygy 35 we 45 mikrometr bolan ak sadap poliproilen örtüginiň önümçiligi ýola goýuldy.

Ýakynda bolsa Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy AN-2 ýeňil bir motorly uçarlar üçin benzin öndürip başlady. Oba hojalyk işlerini geçirmek üçin niýetlenen kiçi uçarlarda ulanylýan bu ýangyç ozal daşary ýurtlardan satyn alynýardy.

Başga habarlar
16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.


16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.

16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16af155aed1f8c.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.