Habarlar

Daşkentde türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/1879/original-16143803f47ac0.jpeg

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkentde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-özbek toparynyň ýakynda geçirilen on altynjy mejlisinde taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny hem-de senagat ulgamyndaky özara hereketleri giňeltmegiň, energetika, ulag we üstaşyr daşamak ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary E.Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Özbek wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri S.Umurzakow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlise gatnaşyjylar Toparyň on bäşinji mejlisiniň kararlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça bilelikdäki işleriň depgini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň onjeýli netijelerini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Iki ýurduň Prezidentleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berýän Toparyň döredilmegindäki ähmiýetli tagallalary aýratyn nygtaldy.

Bilelikdäki Hökümetara toparynyň işiniň jemleri boýunça on altynjy mejlisiň Teswirnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Ýakyn wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Öwbegistana resmi sapar bilen barar. Onuň barşynda hyzmatdaşlyk boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekiler.

Başga habarlar
16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16aedcf617fb59.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16aec738a407ec.jpeg
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.