“Yug-Neftegaz” kompaniýasy Günbatar Türkmenistanda gözleg-barlag işlerini geçirer
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynda gözleg-barlag işlerini geçirmek barada Singapuryň “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gözlegler 250 inedördül kilometr meýdany tutjak Goturdepe ýatagynyň Gündogar böleginde 3D ölçegli usuly bilen, hem 245 kilometre barabar Günorta Burun meýdançasynda 2D usuly bilen ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek amala aşyrylar.
Şeýle hem hereket edýän känlerde nebit guýularynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitli we gazly meýdanlary öwrenmek ugrunda alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleriniň göwrümlerini artdyrmak boýunça ýola goýulýan hyzmatlar degişli derejede alynyp barylýar.
Nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek hem-de serişde binýadyny pugtalandyrmak, pudaklaýyn kärhanalaryň we guramalaryň önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleri görülýär.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.