Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet sapary meýilleşdirilýär
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana döwlet sapary meýilleşdirilýär. Ýokary derejede geçiriljek duşuşyk hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda onuň uly kuwwatyny has doly peýdalanmaga, uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, gatnaşyklaryň täze möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam eder.
Iki goňşy ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň yzygiderli depgini bellenildi. Bu gün resminamalaryň 120-si ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny emele getirýär.
Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edip, birek-birege özara goldaw berýärler. Hususan-da, Gazagystan Respublikasy Türkmenistan tarapyndan başy başlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň 16-synyň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýakyn goňşy ýurtlar, şol sanda dostlukly Gazagystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, biziň döwletlerimiziň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça taraplaryň eýeleýän ornunyň ýakyndygy halkara derejede netijeli gatnaşyk etmäge berk binýat bolup durýar.
Şol sapar dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň taryhyna nobatdaky möhüm sahypany ýazmaga gönükdirilendir.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary
Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar
Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy
29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi
7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.