Habarlar

«Daşoguzgazçykaryş» müdirligi sarp edijilere gazyň bökdençsiz iberilmegini üpjün edýär

https://ussatnews.com/storage/posts/2123/original-1617772e40e1bb.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary şu ýylyň dokuz aýyny üstünlikli jemlediler. Müdirligiň hünärmenleri içerki sarp edijilere bolşy ýaly, daşarky bazarlara hem gazyň bökdençsiz iberilmegini üpjün edýärler.

Müdirlik Döwletabat – Derýalyk magistral gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşen «Şatlyk», «Garagum», «Çolluk», «Ýylanly» we «Derýalyk» önümçilik kärhanalaryna, şeýle hem uzynlygy 4500 km bolan dürli basyşly gaz geçirijilerine we onlarça gaz sazlaýjy desgalara hyzmat edýär.

Müdirligiň öňdebaryjy zähmet düzümleriniň biri hem «Ýylanly» önümçilik kärhanasydyr. Bu ýerde ýigrimi töweregi hünär taýýarlykly hünärmenler zähmet çekýär. Şu ýylyň 9 aýynda bu ýerde her sagatda 50 kub metr suwuklandyrylan gaz öndürildi we ýörite gaplarda müdirligiň ýerli kärhanalaryna iberildi.

Başga habarlar
16a67a1bfe1c4f.jpeg
Belli žurnalist Jon Defterios OGT 2026 maslahatynyň esasy alyp baryjysy bolar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) 31-nji halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri täze tapgyra girdi. Giň gerimli forum «Energiýa. Sazlaşykly hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda 21–23-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.


16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.


16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.