Türkmenistan Ýaponiýadaky «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşar
Türkmenistan Ýaponiýanyň Osaka şäherinde emeli döredilen Ýumesima adasynda “Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary astynda geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär. Sergä gatnaşmagyň ýokary derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada geçen hepdäniň anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berildi.
Hususan-da, türkmen Lideriniň garamagyna degişli guramaçylyk komitetini döretmek hem-de “EKSPO — 2025”-iň guramaçylyk komiteti bilen bilelikde, zerur bolan taýýarlyk işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň jogapkär wekilini bellemek baradaky teklibi hödürledi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzir jemgyýet durmuşymyz üçin geljegi döretmek babatda täze açyşlaryň bosagasynda dur, şoňa görä-de ýurdumyzyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä gözden geçirilişine gatnaşmagy bu ählumumy ýagdaýa öz goşandyny goşmak bilen birlikde, eksport mümkinçiliklerini görkezmek, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze gözýetimleri açýar.
Türkmenistan “EKSPO” sergilerine öň hem birnäçe gezek gatnaşdy, häzir bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän sergide ýurdumyzyň kuwwaty üstünlikli görkezilýär.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.