Türkmensitan we Eýran ulag hem-de ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümligini nygtadylar
26-27-nji oktýabrynda Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 16-njy mejlisinde özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Mejlise Toparyň bilelikdäki başlyklary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri R.Gasemi, şonuň ýaly-da iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Ministrler syýasy, ykdysady, ynsanperwer we beýleki geljegi uly ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny kadalaşdyrýan resminamalaryň agramly bukjasyndan ybarat bolan özara hereketleriň şertnama binýadynyň has hem kämilleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.
R.Meredow hem-de R.Gasemi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistan üçin sebitdäki ähmiýetli hyzmatdaşlarynyň biriniň Eýran tarapy bolup durýandygyny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikler hem kesgitlenildi.
Özara gatnaşyklaryň täze görnüşleriniň netijeli özleşdirilmegi arkaly ikitaraplaýyn hereketleriň ulag-üstaşyr hem-de ýangyç-energetika ugry boýunça ösdürilmeginiň derwaýyslygy bellenilip geçildi.
Toparyň geçen mejlisiniň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi boýunça hem pikirler alyşyldy. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady özara hereketleriniň, gümrük we serhet kadalaşdyrmasynyň, senagat we oba hojalygy hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki ençeme ugurlary boýunça gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy.
Iki ýurduň sebitleriniň özara hereketleriniň giňeldilmegine, bilim we medeniýet, daşky gurşawyň goragy, lukmançylyk ugry boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berildi. Ministrler geçirilmegi yza süýşürilen medeniýet ulgamyndaky çäreleriň, şol sanda birek-biregiň Medeniýet günleriniň hem-de döredijilik toparlarynyň saparlarynyň guralmagy babatynda hem ylalaşdylar.
Hökümetara toparynyň 16-njy mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.