Eýran Türkmenistandan alnan gaz üçin bergisini üzmegi meýilleşdirýär — EYR-nyň nebit ministri
Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistana bolan tebigy gaz bergisini üzmegi meýilleşdirýär diýip, EYR-niň nebit ministri Jawad Owji aýtdy. Bu barada Shana eýran habarlar agentligi habar berýär. Bu barada Owji Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bilen geçiren duşuşygyndan soňra habarçylara beren beýanatynda belläp geçdi.
Owji Eýranyň ozal Türkmenistandan 2 ylalaşyk esasynda her gün 40 million kubmetr tebigy gaz satyn alandgyny belledi.
Ministriň şeýle hem belleýşi ýaly, türkmen gazynyň Eýrana eksporty ýurduň ozalky Hökümeti wagtynda alnan gaz üçin Türkmenistana töleg edilmänligi sebäpli bes edildi. Şonuň üçin hem bu mesele Halkara arbitra kazyýete geçirildi, kazyýet Eýranyň bergisiniň anyk möçberini kesgitledi.
Owji Türkmenistanyň daşary işler ministri we ýokary derejeli wekiliýet bilen bolan gepleşiklere ýokary baha berdi.
Owji Eýranyň Türkmenistana bolan bergisini üzmek babatda gepleşikleriň geçirilendigini we ýurduň häzirki Prezidenti Ebrahim Raisiniň hökümetiniň bu bergini üzmek boýunça degişli karara gelendigini belledi.
– Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda Eýranyň milli gaz kompaniýasy hem-de Merkezi bankynyň hünärmenleriniň derejesinde ýakyn wagtda gepleşikler dowam etdiriler. Türkmen tarapynyň bergisini düzgünleşdirmek boýunça oňyn çözgütler kabul ediler – diýip, ministr belledi.
Nebit ministri Eýrana türkmen gazynyň eksportynyň gaýtadan dikeldilmegi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmeklige itergi biljekdigini hem-de Eýranyň hökümetiniň syýasatynyň maksady goňşy döwletler, şol sanda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdygyny aýtdy.
Onuň aýtmagyna görä, geçirilen duşuşygyň esasy maksady — dostlukly hem doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklary berkitmek bolup durýar.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Täjigistanyň paýtagtynda ŞHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçiren duşuşygynda gaz meselesini çözmegi ylalaşdylar.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.