Hormatly Prezidentimiz tebigy gaz bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün edilişi barada hasabaty diňledi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda wise-premýer Şahym Abdrahmanowyň gyş möwsümine taýýarlyk görlüşi hem-de içerki sarp edijileriň tebigy gaz bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün edilişi barada hasabatyny diňledi.
Bellenilşi ýaly, şu maksat bilen, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Ugurdaş düzümleýin desgalarda durkuny täzelemek hem-de düýpli abatlamak işleriniň ýerine ýetirilendigi, tehniki taýdan gözden geçirilendigi bellenildi. Häzir ýurdumyz boýunça täze hojalyklarda we ýaşaýyş jaý toplumlarynda gaz hasaplaýjy enjamlary ornaşdyrmak işleri dowam etdirilýär. Sarp edijiler tarapyndan tebigy gazdan peýdalanmagyň howpsuzlyk düzgünleriniň we kadalarynyň berk berjaý edilmegi boýunça degişli çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, howanyň sowamagy bilen ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki durmuş maksatly desgalary, şol sanda mekdepleri, çagalar baglaryny, saglygy goraýyş edaralaryny hem-de kärhanalary we guramalary gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, degişli inženerçilik-tehniki ulgamlary kadaly ýagdaýda saklamagyň hem-de olara ýokary hilli hyzmat etmegiň gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýandygy bellenildi. Şeýle hem tebigy gazy rejeli ulanmak, ilat tarapyndan gaz we ýyladyş enjamlarynyň dogry ulanylmagyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermek zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.