Owganystanyň Goranmak ministrligi TOPH gaz geçirijisiniň we ýurduň çäginde beýleki taslamaryň gurluşygynda howpsuzlygy kepillendirýär
Ýekşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Kabul şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Işjeň gepleşikleriň barşynda owgan tarapy bilelikdäki ykdysady taslamalaryň ählisiniň howpsuzlygynyň üpjün ediljekdigini beýan etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşyklarda syýasy-ykdysady gatnaşyklar, howpsuzlyk ulgamyndaky ýagdaýlar hem-de ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi boýunça pikirler alyşyldy. Şeýle-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenistandan Owganystanyň birnäçe welaýatlaryna demir ýollaryň gurluşygynyň işjeňleşdirilmegi bilen bagly meselelere seredilip geçildi.
Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdulsalom Hanafi: «Biz iki ýurduň arasyndaky milli taslamalaryň mümkin bolan ýakyn wagtda işe girizilmegini ileri tutýarys, çünki olaryň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan şertler, şol sanda howpsuzlyk aýratynlyklary hem döredildi», - diýip belläp geçdi.
Owganystanyň Goranmak ministri Muhammad Ýakub hem-de Içeri işler ministriniň w.w.ý.ý. Sirajuddin Hakkani bilen geçirilen işjeň gepleşikleriň barşynda owgan tarapy bilelikdäki ykdysady taslamalaryň ählisiniň howpsuzlygynyň üpjün ediljekdigini beýan etdi.
Mälim bolşy ýaly, taraplar iki ýurduň arasyndaky bilelikdäki taslamalary, şol sanda demir ýoluň hem-de TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçirijisiniň gurluşygyny doly goldaýarlar.
Owganystanyň goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy: «Biz iki ýurduň arasyndaky infrastruktura hem-de ykdysady taslamalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin tagallalarymyzy gaýgyrmarys», - diýip tassyklady.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.