Habarlar

Hazaryň kenarynda ýedi gatdan ybarat köpugurly hassahananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan

https://ussatnews.com/storage/posts/2273/original-161922ab25fae7.webp

13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde bolmagynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň haýyşy boýunça 400 orunlyk köpugurly hassahananyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan gurluşygy bilen tanyşdy.

Köpugurly hassahananyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine gelenden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa lukmançylyk toplumynyň köp sanly ýöriteleşdirilen bölümleri, ähli düzümleri barada maglumat berýän çyzgylar, taslamalar görkezildi. Milli Liderimiziň başlangyjy we yzygiderli aladasy netijesinde Hazaryň kenarynda gurulýan ýedi gatdan ybarat köpugurly hassahana lukmançylyk merkezleriniň üstüni ýetirer. Onda dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işleri ýokary derejede ýola goýlar.

Döwlet Baştutanymyz köpugurly hassahananyň gurluşygy, enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklanyp, saglygy goraýyş düzümine degişli bu toplumda keselleriň öňüni almak, saglygy berkitmek üçin öňdebaryjy tejribäniň, häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň ulanylmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi.

Täze gurulýan hassahananyň birinji gatynda kabul ediş, “Tiz kömek” bölümleri, fizioterapiýa, stomatologiýa, gemodializ, himiýa terapiýasy otaglary bolup, olarda dürli lukmançylyk hyzmatlary ýola goýlar. Bu ýerde pediatriýa, ginekologiýa, neýrotrawmatologiýa, hirurgiýa, urologiýa, onkologiýa, kardiologiýa, endokrinologiýa we beýleki bölümler göz öňünde tutuldy. Hassahanada dogrum bölümi hem-de 200 orunlyk maslahatlar zaly bar. Täze lukmançylyk toplumy ýokary halkara ölçeglere laýyklykda enjamlaşdyrylýar. Lukmançylyk toplumynyň düzüminde aýratyn iki gatly bina bolup, onda merkezleşdirilen barlaghana, funksional we şöhle arkaly anyklaýyş, gan gaznasy bölümleri ýerleşer.

Bu ýerde gurluşyk işleriniň tapgyrlaýyn alnyp barylmagy Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda kemala gelýän halkara derejeli döwrebap şypahana düzüminiň çäklerini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi. Döwlet Baştutanymyz bu babatda aýdyp, köpugurly hassahananyň gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny, iň esasysy bolsa, onuň enjamlaşdyrylyşynyň dünýä ölçeglerine gabat gelmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Başga habarlar
16ac11fdab9889.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16ab542320b5a9.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis

23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.


16ab53cb6bd58a.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

16ab53625587cb.jpeg
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.


16aa91fc63abdc.png
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.