Paýtagtymyzda YHG-nyň ýörite sylagyna mynasyp bolan Türkmenistanyň wekilini sarpalamak dabarasy boldy
29-njy noýabrda paýtagtymyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýörite sylagyna mynasyp bolan Türkmenistanyň wekilini sarpalamak dabarasy boldy. Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitiniň çözgüdine laýyklykda, “Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty” ugry boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Ý.Orazgylyjowa sylag gowşuryldy.
Bu sylagy Türkmenistanyň wekiline YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Nygtalyşy ýaly, guramanyň işine uly goşant goşýan aýry-aýry adamlaryň işleri ýörite bellenilmelidir, höweslendirilmelidir, bu düzümiň ösdürilmegi we berkidilmegi dogry hem-de mynasyp ädimdir, ol täze taglymlary, başlangyçlary, doganlyk halklaryň we döwletleriň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyny berkidýär.
YHG-nyň ýörite sylagyna mynasyp bolan türkmen alymy guramanyň Guramaçylyk komitetine özüniň ylmy işine ýokary baha berlendigi üçin hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzda ylmyň ösmegi, alymlarymyzyň halkara bäsleşiklere üstünlikli gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Sylaga mynasyp bolan alym öz adyndan hem-de kärdeşleriniň adyndan milli Liderimize ylmy işgärler baradaky ägirt uly aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde öz bilimini we tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.