Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Duşenbede ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdy
«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumynyň 14-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçiren duşuşygynda ikitarapalýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-täjik özara hereketleriniň yzygiderli ösdürilýändigi nygtadylar. Ýurtlaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň giňeldilmegine, şol sanda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklary hem beýan edildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar golaýda türkmen paýtagtynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji Sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunlukda, köptaraplaýyn duşuşygyň bu abraýly halkara guramasynyň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça pikirleriň alyşylmagy üçin oňyn meýdança bolup hyzmat edendigi bellenilip geçildi.
Şonuň ýaly-da, saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Çon Yý Ýon bilen hem gepleşikleri geçirdi.
Bu ugurda diplomatlar yzygiderli köpugurly konsultatiw meýdança hökmünde çykyş edýän «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň işine ýokary baha berdiler.
Şunda onuň energetika, infrastruktura, ulag we logistika, ylym we tilsimatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, sanlylaşdyrmak, dokma we tokaý senagaty, oba hojalygy, howanyň üýtemegi we daşky gurşaw, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer ulgamyndaky özara hereketler ýaly ugurlar boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýetli goşant goşýandygy hem nygtaldy.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.