Şowhunly Täze ýyl sowgatlary
Täze ýyl baýramy golaýlaýar. Ozaldan däp bolşy ýaly, Täze ýylyň rysgal-bereketli saçagynyň başyna ýygnanan dogan-gardaşlara, dost-ýarlara we körpeje çagalara Aýazbabanyň gatnaşmagynda şowhunly täze ýyl gepleşikler hem-de filmler garaşýar, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
Täze ýyl gepleşikleri, wideoşekiller we filmler häzirden surata düşürilýär. Täze ýyl baýramçylygynda teletomaşaçylara gyzykly zatlaryň ençemesi garaşýar.
Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň döredijilik topary estrada aýdymçylaryň we wäşileriň gatnaşmagynda şowhunly gepleşik taýýarlady. Oňa ýurdumyzyň tanymal artistleri we aýdymçy-sazandalary gatnaşýarlar. Konsert «Miras» teleýaýlymynda Täze ýyl agşamy görkeziler.
Täze ýyl gijesiniň şowhunly gepleşikleri we filmleri baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşýar. Kinorežisýor Arslan Eýeberdiýew baýramçylyk mynasybetli gysga metražly «Syrly sowgat» filmini taýýarlar, režisýor Myrat Orazow «Geldi Täze ýyl!» kinolentasyny we Sapardurdy Annaýew gysga metražly «Sowgat» filmini surata düşürýärler.
31-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň, welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň, şeýle hem paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde gurnalan Täze ýyl arçasynyň başynda konsertleriň göni ýaýlymda görkezilmegi tomaşyçylaryň göwnüni şat eder.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.