Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kanslerini gutlady

https://ussatnews.com/storage/posts/2458/original-161b2447ebb4c8.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Olaf Şolsa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Milli Liderimiz Gutlagynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deň¬hukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny, bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde täze sepgitlere ýetjekdigine ynam bildirýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Olaf Şolsa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk hem-de täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Başga habarlar
169fcdbb98954b.jpeg
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.


169f9cdc59ebf4.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy

5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


169f84824718f5.jpeg
Ýaryşlar ussatlary saýlady

Paýtagtymyzdaky nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport hepdeligi geçirildi.

169e983c80480a.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy.


169e98261e1241.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy.