Türkmenistanyň Prezidentiniň “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatdaky ÇYKYŞY

11:35 13.12.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/2498/original-161b6e9b420be2.jpeg

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Hanymlar we jenaplar!

Biziň çakylygymyzy kabul edip, şu günki foruma gatnaşandygyňyz üçin siziň hemmäňize köp sagbolsun aýdýaryn.

Bilşiňiz ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Şoňa laýyklykda, şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda hem-de sebit we dünýä derejelerinde birnäçe möhüm halkara çäreler — maslahatlar, köptaraplaýyn forumlar we söhbetdeşlikler, okuw maslahatlary we sapaklary geçirildi. Bu çärelere daşary ýurt döwletleriniň hökümetleriniň resmi agzalary, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, tanymal syýasatşynaslar, diplomatlar, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Parahatçylyk we ynanyşmak ýörişine öwrülen şol çäreleriň halkara gatnaşyklarda hem-de häzirki zamanyň möhüm soraglarynda çözgütleri tapmakda ähmiýetiniň örän uly bolandygyny aýratyn bellemek isleýärin.

Hormatly adamlar!

Biziň bu günki maslahatymyz hem Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde diňe bir giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, şol başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça çäreleri hem öňe sürýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şoňa görä-de, şu halkara maslahatyň çäklerinde biz milli we umumadamzat bähbitli birnäçe soraglaryň üstünde durup geçeris hem-de olar barada pikir alşarys. Şeýle-de ýakyn geljekde bilelikde amala aşyrmaly wezipelerimizi kesgitläris.

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!

Hanymlar we jenaplar!

Men şu ýere ýygnanan ähli adamlara mähirli salam bilen ýüzlenýärin. Şu foruma gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek barada biragyzdan Kararnama kabul etdi.

Şeýle başlangyjy öňe sürmek bilen, biz Birleşen Milletler Guramasynyň abraýy netijesinde goldanan köptaraplaýyn ylalaşygyň ykrar edilen şeýle görnüşi giň dünýä jemgyýetçiligini, syýasatşynaslary, diplomatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, çözgütleri kabul edýän adamlary häzirki zaman döwletara gatnaşyklarynda ýüze çykýan äşgär meýillere giňden çekmek mümkinçiligine öwrüler diýip hasap etdik. Bu gatnaşyklar, aýratyn-da, soňky döwürde düýpli üýtgedi.

Häzirki döwürde dünýäde harby-strategik bäsdeşligiň ýitileşýändigini, gapma-garşylyklaryň geriminiň giňelýändigini we güýçlenýändigini biziň ählimiz aýdyň görýäris. Şonuň netijesinde dünýädäki wakalar öňünden kesgitläp bolmaýan, has durnuksyz häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa ösüşiň umumy wezipelerini çözmegi, ýagny ählumumy durnuklylygy, ýaragsyzlanmagy, ekologik meýilnamalary amala aşyrmagy örän kynlaşdyrýar.

Deňsizlige we garyplyga garşy göreşmekde, daşky gurşawy goramakda, bosgunlara hem-de migrantlara kömek bermekde köp soraglary döredýär. Şeýle hem adamzadyň öňünde durýan ençeme beýleki düýpli soraglary çözmekde köp kynçylyklary ýüze çykarýar. Şeýle şertlerde diňe ynanyşmagy dikeltmek, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna eýermek, özara gatnaşyklar medeniýetini ykrar etmek, biziň pikirimizçe, emele gelen ýagdaýy düzetmäge we netijeli ugra gönükdirmäge mümkinçilik berer. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny yglan etmek baradaky başlangyç bilen çykyş edenimizde, biz hut şu wezipelerden ugur aldyk.

Hakykatda bolsa bu başlangyç möçberine, syýasy gurluşyna, ykdysady we harby kuwwatyna garamazdan, ähli döwletlere gönükdirilen ýüzlenmä öwrüldi. Dünýäniň ykbaly üçin jogapkärçilik duýmaga uly itergi berdi.

Dawalaryň we ylalaşyksyzlygyň güýjemeginiň öňüni almaga, dünýädäki häzirki ýagdaýy paýhasly seljermäge şert döretdi. Taryhyň we geljegiň nukdaýnazaryndan, täzeden oýlanmaga çagyryş bolup ýaňlandy.

Bu çagyryş dünýäde uly seslenme döretdi. Sebäbi, ozaly bilen, parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň örän uly ählumumy ähmiýeti bardyr. Bu taglymat hemişe zerurdyr we netijelidir. Özi hem ol ählumumy ösüşiň we öňe gitmegiň wagtlaýyn däl-de, hakyky talaplaryna laýyk gelýär. Şu nukdaýnazardan, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, biziň pikirimizçe, giň dünýägaraýyşlary hem-de ynsanperwer pikirleri we wezipeleri aňladyp, uly goldawa, oňyn seslenmä eýe boldy.

Şu döwürde Türkmenistanda ençeme iri halkara çäreler — maslahatlar, seminarlar, “tegelek stollar”, maglumat pikir alyşmalary geçirildi. Bu çärelere dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet wekilleri, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, belli syýasatşynaslar, diplomatlar, işewürler, bilermenlerdir žurnalistler gatnaşdylar. Şonuň netijesinde bu ugurda baý tejribe toplandy. Bu tejribäniň bolsa sebit meseleleri çözülende, häzirki döwrüň esasy soraglary boýunça halkara gatnaşyklarda we umumy garaýyşlar işlenip düzülende peýdaly boljakdygyna berk ynanýaryn.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilen çäreler daşary syýasat hem-de hukuk ulgamynda nazary düşünjeleri ösdürmäge we barlaglary geçirmäge uly itergi berdi. Milli diplomatik mekdepleriňdir däpleriň mümkinçiliklerini baýlaşdyrdy. Halkara gatnaşyklar babatdaky binýatlyk esaslara täze garaýyşlary girizdi.

Esasy zat bolsa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bütin dünýäde oňyn seslenme döretdi. Birleşen Milletler Guramasynyň wagt we ýagdaý bilen hiç wagt çäklendirilmedik gün tertibine bu düşünjeleri girizmekde möhüm hem-de täsirli gurala öwrüldi. Bu üstünliklere biziň ählimiz kanuny esasda buýsanyp bileris.

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!

Täze wehimler we howplar bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagyň dikeldilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda men dünýä howp salan koronawirus pandemiýasyny göz öňünde tutýaryn. Hut ynamyň ýetmezçiligi, aýratyn hem birinji tapgyrda, bu howpa netijesiz halkara jogabyň, gaýragoýulmasyz köpçülikleýin çäreleriň görülmeginiň zerurlygynda özara düşünişmegiň ýokdugynyň sebäbine öwrüldi.

Şu şertlerde jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan BMG-de pandemiýa garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmek, ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň ugurlaryny ýola goýmak boýunça birnäçe anyk teklipler bilen çykyş etdi.

Ynanyşmak, özara düşünişmek halkara maliýe-ykdysady giňişlikde häzirki çökgünlik ýagdaýlaryndan çykmak bilen baglylykda, ykdysady, söwda, ulag, maýa goýum gatnaşyklaryny dikeltmegiň möhüm şerti bolup durýar. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasyna bu işde esasy orunlaryň birini eýelemegi teklip edip, Baş Assambleýada agza döwletleriň ählisi tarapyndan goldanylan Kararnamalaryň taslamalaryny öňe sürdi. Hususan-da, munuň özi ulag we energetika ulgamlarynda yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga degişlidir.

Häzirki döwürde netijeli ykdysadyýetiň ynanyşmagyň esasynda guralýandygyna ynanýarys. Işewür çaklamada ynanyşmagyň, ynamyň bar ýerine maýa goýumlar hem gelýär. Ynanyşmak ýok bolsa, maýa goýumlar bu zolaklardan sowlup geçýär, kooperasiýa, işewür gatnaşyklar ýitirilýär, ykdysady ösüşde durgunlyk bolup geçýär.

Parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, gatnaşyklara açyklyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýadyna — hemişelik Bitaraplygyna sazlaşykly mahsusdyr. Biz ertir Bitaraplygyň halkara ykrarnamasynyň 26 ýyllygyny belläris. Elbetde, şu günki halkara maslahatyň bu möhüm waka gabatlanylmagynyň çuňňur manysy bardyr, biz ony köp sanly pikirdeşlerimiz we hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde garşylaýarys.

Türkmenistanyň Bitaraplygyna biz giň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň, bar bolan meseleleri we gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, gepleşikler stolunyň başynda kadalaşdyrmaga we çözmäge oňyn täsir etmegiň şerti hökmünde garaýarys. Biz öz Bitaraplygymyzy ählumumy ösüşiň we öňegidişligiň, BMG-niň maksatnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek maksadynda amala aşyrýandygymyzy buýsanç bilen aýdýarys.

Türkmen Bitaraplygynyň özboluşlylygy şundan ybaratdyr. Ol häzirki ýagdaýlara hem-de halkymyzyň köpasyrlyk tejribesine berk daýanýar, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär, halkara ykdysady we syýasy işleriň oňyn ösüşine täsir edýän möhüm ähmiýetli şert hökmünde çykyş edýär.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, onuň birnäçe Kararnamalary, şol sanda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy”, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamalary, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada sebit durnuklylygyny we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda mazmuny we maksady boýunça ýakyn bolan Kararnamalary biragyzdan hem-de birnäçe gezek kabul etmegi Bitaraplygyň goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň çäklerinde döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna eýýäm 20-den gowrak döwletiň goşulmagy möhüm görkezijidir. Pursatdan peýdalanyp, agza döwletleriň ählisine biziň başlangyçlarymyzy goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirmek hem-de BMG-niň Sekretariatynyň netijeli işini bellemek isleýärin.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Häzirki döwrüň dünýä bileleşiginiň durmuşyndaky syýasy medeniýet — bu netijeli, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk esasyndaky gatnaşyklara taýýarlyk we ukyplylykdyr. Şeýle gatnaşyklaryň ornuny hiç zat bilen çalşyp bolmaz.

Häzirki şertlerde anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynyň kemala getirilmegine mätäçlik çekýändigimize ynanýaryn. Men şeýle filosofiýany “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip atlandyrardym. Geliň, onuň amala aşyrylmagynyň üstünde bilelikde pikirleneliň!

Men maslahata gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlaýaryn we hemmelere parahatçylygyň, özara düşünişmegiň hem-de hyzmatdaşlygyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!

Hanymlar we jenaplar!

Halkara maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyna aýdylan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Maslahatyň barşynda beýan edilen ähli teklipler, pikirler, gymmatly başlangyçlar halkara gatnaşyklaryň ylmy-amaly binýadyny berkitmek, häzirki döwürdäki köptaraplaýyn gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin peýdalanylar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde giň halkara çäreleriň jemlerini jemleýän bu maslahatyň parahatçylygyň medeniýeti ulgamynda ählumumy Jarnamada beýan edilen gymmatlyklaryň ýörelgelerini, dünýägaraýyşlary hem-de parahatçylygy saklamagyň we höweslendirmegiň däplerini dikeltmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Häzirki wagtda bu tagallalar öňküden hem zerurdyr. Türkmenistan ýokarda agzalan maksatlara Bitaraplygyň ýörelgelerini hemmetaraplaýyn ösdürmäge daýanyp, halkara syýasatyň häzirki ýagdaýlaryna laýyk gelýän çemeleşmeleriň başyny başlap we olary ulanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň özeni bolup durýan öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny doly peýdalanmak bilen ýetip boljakdygyna ynanýar.

Maslahatyň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginiň çuň manysy bardyr, ol halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi saklamak we pugtalandyrmak babatda Bitaraplyk syýasatynyň ägirt uly kuwwata eýedigini görkezýär.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Forumyň dabaraly mejlisiniň netijeleriniň hem-de geçiriljek mowzuklaýyn umumy mejlisleriň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki işleriň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny ilerletmekde köptaraplaýyn tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolmaga ukyplydygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigine ynanýaryn. Men şu günki çykyşymda bu filosofiýany “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip atlandyrdym.

Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň we onuň halkynyň adyna aýdylan mähirli sözler hem-de türkmen tarapynyň halkara giňişlikdäki başlangyçlaryna berlen ýokary baha üçin size ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin.

Pursatdan peýdalanyp, sizi ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlaýaryn. Hemmelere berk jan saglyk, parahatçylyk, bagt we abadançylyk arzuw edýärin.

Başga habarlar
16644d39269da2.jpeg
Energetika ministrligi, “Türkmengaz” we GIZ özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

14-nji maýda Türkmenistan bilen Ýewropa bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna başgyşlanyp geçirilen maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişlik dabarasy geçirildi diýip, ORIENT habar berýär.


1664489665cc7e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi.


166443f55bfe6e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylary gutlady.

1664476ba4b6fc.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16643b11c585cb.jpeg
Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

13-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.