Geçen hepdäniň birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Kipriň we Täjigistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Ýer zemin berekedi» hususy kärhanasynyň posdan we ýaglardan arassalamak üçin niýetlenen serişdäni satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 11 million 672 müň dollaryndan gowrak boldy.
Nusaý galasynda gezelenç talyp ýaşlarda milli buýsanjy artyrdy
Talyp ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemek maksatly yzygiderli guralýan medeni çäreleriň çäklerinde bu gün Halkara senagatcylar we telekeçiler uni wersitetiniň professor-mugallymlarynyă we talyp ýaşlarynyă gatnaşmagynda Nusayyň Parfiýa galalary döwlet medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç guraldy.
YLMY ÖSÜŞLER DABARALANÝAR
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde nobatdaky ylmy-usuly maslahaty geçirildi.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işe girizildi
Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere beslenýän günlerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty — tebigatchy.co.tm işläp başlady. Bu sanly platformanyň işe girizilmegi guramanyň işini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim bolup, ol amala aşyrylýan ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Uzynadadaky täze önümli guýy
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler.
Okuw maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek, döwrüň talabyna laýyk guramak, işleriň dogry alnyp barylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly amaly-usuly okuw maslahaty geçirildi.